Iphone sowuk howada näme üçin agyr işleýär?
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size öz täze döreden mowzugymda Iphone-nyň käbir erbet taraplary hakynda aýdyp geçjek. Şu günki günler köçeler sowady. Sowuk howada okuwa, işe gatnaýan ildeşlerimiz bar. Şol ildeşlerimiziň arasynda hem Iphone smartfonlaryny ulanýanlar bar. Sowuk howada Iphone smartfonlary gowy işlemeýär. Olar sowuk howada doňup işleýärler ýa-da öz-özünden öçüp galýarlar.

Gyş pasly – bu pasyllaryň naýbaşy, tebigaty gözellige getirýän we ähli adamlaryň söýýän pasyllarynyň biridir. Emma bu pasyl Iphone smartfonlary üçin ýaramaz täsir edýär.

Sowuk howa Iphone-a nähili täsir edýär?

Sowuk howa bilen Iphone biri birine dogry gelmeýär. Sowuk howada Iphone-nyň zarýady tiz ölýär, doňup işleýär, käwagt öçüp galýar. Apple kompaniýanyň aýtmagyna görä, Iphone smartfonlary “0”-dan – “+35” temperatura aralygynda gowy işleýär, Iphone smartfonlary öçürikli ýagdaýynda “-20” – “+45” temperatura aralygynda saklap bolýar.

Bu ýagdaýlaryň ählisine Iphone-nyň akkumulýatory sebäpli. Çünki bu akkumulýator LITIÝIONLARyndan ýasalan. Ol ionlar sowukda öz täsirini ýitirýärler we şol sebäpli hem Iphone smartfonlary sowukda kyn işleýär.

Beýle ýagdaýlar bilen nähili göreşmeli?

  1. Sowuk köçe çykmazyňyzdan ozal, Iphone smartfonlary 100% zarýadyny dolduryp çykyň.
  2. Smartfony ýörite telefonlar üçin niýetlenen gaplarda göteriň.
  3. Nauşnikleri ulanyň.
  4. Sowuk howada Iphone-y kän elde saklap oýnamaň.
  5. Bedeniňize ýakyn saklaň.

Eger-de Iphone-nyňyz öçende ýa-da doňanda onda ony derrew ýyly jaýa geçiriň. Biraz ýyladyň. Eger mümkin bolsa Iphone-y sowuk howada ulanmajak boluň. Geljekde smartfonuňyza zyýan ýetip biler.

Şu günki mowzugym peýdalymy? Pikirleriňizi teswirlerde görkeziň.

5,712 gezek okaldy