Internet bolmasa näme etmeli?
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men nobatdaky mowzugymda size internet ýok wagty, nämeler bilen meşgullanmak hakynda biraz gürrüň berjek. Häzirki gün Internediň bütin dünýäniň ýüzüne ýaýramagy sebäpli, 100 – den 99 adamlar internede girýän adamlardyr. Şol sebäpli käbir adamlar internet bilen has gyzyklanyp, internet olar üçin ýakyn bolup galýarlar. Ol adamlar hakyky durmuşdan uzaklaşyp, wirtual durmuşa ýakynlaşýarlar. Olar like, repost, surat, çat ýaly internediň has aktiw funksiýalaryna tabyn bolýarlar. Meselem, käbir adamlar like toplamak üçin pul töleýärler, ýa-da bolmasa ömrüne zyýan ýetirip biljek zatlar bilen surata düşýärler. Käbir adamlar internedi ulanybermeli diýip, ähli zatlara girip görýärler. Ýöne olaryň hem bize peýdalysy we zyýansyzy bar. Internedi diňe peýdaly zatlar üçin ulanmaly. Internet bilen bagly döreýän kesele ylmy dilde şeýle diýilýär : Internet Addiction Disorder.  Her ýylyň 31-nji ýanwarynda Bütindünýä Internetsiz gün bellenilip geçilýär.

Şu tema esasynda şeýle sorag ýüze çykýar: Internet bolmasa näme etmeli? Men bolsa şu gün size şu soraga jogap bermekçi. Onda meni ünsli yzarlamaga başlaň!

  1. Kitap tekjäňiz bar bolsa, olary harplaryň tertibi boýunça tertipleşdiriň. Ýa-da bolmasa kitaplary žanrlar boýunça toparlara bölüň.
  2. Öýüňizi, ýaşaýan komnotaňyzy tertipleşdiriň. Arassa, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň.
  3. Öz pikirleriňizi bir depder döredip, depdere ýazyň. Bir aýlyk, bir ýyllyk meýilnamalar düzüň.
  4. Öý haýwanlaryňyz bar bolsa, olar bilen wagt geçiriň. Olary ýuwundyryň, iýmitlendiriň, olar bilen oýnaň.
  5. Uklap, dynjyňyzy alyň. Uky adam saglygy üçin wajyp.
  6. Dostlaryňyza jaň ediň.
  7. Ýakyn garyndaşlaryňyza myhmançylyga gidiň.
  8. Öýüňizde bejermeli zat bar bolsa, ony bejeriň.
  9. Eger siz gatly jaýlarda ýaşaýan bolsaňyz, balkonyňyzy tertipleşdiriň.
  10. Saz gurallarynda saz çalmaga çalşyň.
  11. Telefonsuz açyk howada gezelenje gidiň.
  12. Owadan ýerlere syýahata gidiň.
  13. Muzeýe gidiň, taryhymyzy öwreniň.
  14. Dostlaryňyz bilen kino gidiň.
  15. Öýüňizde, agşam stoluň daşynda dostlaryňyzy toplap, dürli oýunlar oýnaň.
  16. Özüňize erk berip – aglaň! Internedi ýitirmek bu käbir adamlara kyn 🙂
  17. Sport bilen meşgullanyň.
  18. Aşpez bolmasaňyzda, maşgalaňyz, dostlaryňyz üçin süýji naharlar taýýarlaň.
  19. Telewizor görüň.
  20. Fotoalbomlary görüň.
  21. Gözellik günini geçiriň (gyzlara degişli) 😉
  22. Akwaparka gidiň.
  23. Öý mebelleriniň orunlaryny üýtgediň. Bu bolsa siziň üçin başgaça görüner.
  24. Derýa ýa-da deňiz ýakasyna gidiň.
  25. Gözüňizi ýumup, uludan dem alyň.
  26. “El hünärli – il gezer” diýlişi ýaly, el işlerini dörediň.
  27. Öýüňizi remont etmäge başlaň.
  28. Söwda dükanlaryna gidiň.
  29. Täze duşuşyklara gidiň.
  30. Aýnanyň öňünde, bir käse kofe içip, daşarda dowam edýän durmuşa göz aýlap, pikirleniň. Düýbünden başgaça duýgulary başdan geçirersiňiz.

Bularyň ählisi siziň üçin peýdalydyr. Internet ýok bolsa gynanmaň, siz bu zatdan başga kän peýdaly işleri edip bilersiňiz.

Şu günki mowzugym size ýaradymy? Onda  teswirlerde öz pikirleriňizi paýlaşyň.

Men bilen habarlaşmak üçin:
E-mail: dovranovovrenmeli@gmail.com

7,413 gezek okaldy