Microsoft Excel-de diagramma gurmak
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men şu gün size Microsoft Excel-de diagramma gurmagyň usullaryny öwretjek.

Microsoft Excel – bu ofis programmalarynyň arasynda meşhurlyk gazanan programmalaryň biri bolup, ol dünýäniň iri we kiçili ofislerinde giňden ulanylýar. Microsoft Excel-i esasan hem, ekonomika ugry boýunça işleýän adamlar giňden ulanýarlar. Meselem, ekonomistler her iş gününde, müňlerçe hasabatlary taýýarlap, hasabatlary boýunça iri we kiçili konferensiýalarda çykyş edýärler. Olar öz hasabatyny has aýdyňlaşdyrmak üçin, Microsoft Excel programmasynda diagrammalary gurýarlar. Ýagny, diagrammalaryň üsti  bilen olar öz hasabatyny açyk düşündirip bilýärler. Diagrammalar hem birnäçe geometriki şekilleriň üsti bilen ýasalýar we olary şeýle toparlara bölýärler:

  1. Gistogramma
  2. Grafik
  3. Tegelekleýin diagramma
  4. Çyzyklaýyn diagramma
  5. Çäkleýin diagramma
  6. Nokatlaýyn diagramma

Esasan hem şu ýokardakylar has giňden ulanylýar. Geliň indi, diagramma nädip gurmalydygyny öwreneliň. Biziň şu günki taýýarlamaly hasabatymyz “05.12.2017 şu senede okuwçylaryň okuwa gatnaşygy barada hasabat”. Bu hasabat esasan hem mekdeplerde taýýarlanýar. Bu hasabaty taýýarlamazdan ozal biz mekdepde umumy synplaryň sany we olarda okaýan okuwçylaryň jemi sanyny bilmeli. Bu maglumatlara görä biz hasabat taýýarlap bilýäris.

Indi bolsa hasabaty taýýarlamak üçin Microsoft Excel programmasyny açmaly.

  1. Programmany açanymyzdan soňra, boş öýjüklerinde synplary, synplardaky okuwçy sanyny we şol synplardaky şol günki okuwa gatnaşan okuwçylaryň sanyna ýazmaly.

2. Ähli maglumatlary programma girizenimizden soňra, maglumatlary bölüp aýyrmaly. Ýagny, maglumatlaryň başlanýan öýjüginden, onuň gutarýan öýjügine çenli bölüp aýyrmaly. Bölüp aýyrmaklyk üçin, syçanjygyň çep gulajygyny basyp durmaklyk bilen ýerine ýetirilýär. Meselem, meniň taýýarlan hasabatymda men maglumatlary “A4” öýjükden başlap “D24” öýjüge çenli bölüp aýyrdym.

3. Maglumatlap bölüp aýranyňdan soň, programmanyň “Вставка” – bölümine geçip, şo taýdan diagramanyň görnüşini saýlap diagrammany gurup bileris. Men öz hasabatymda grafikleýin şekilde diagramma gurdym.

Ine şeýlelik bilen biz diagramma gurdyk. Bu günki tema siziň üçin gyzykly bolandyr diýip umyt edýän. Üstünlik arzuw edýän!

Eger sizde sorag ýüze çykan bolsa, onda men bilen habarlaşmak üçin:

E-mail: dovranovovrenmeli@gmail.com

 

2,608 gezek okaldy