Microsoft Office Word-da esasy wezipeler
Bu ýazga baha ber

Microsoft Word 2013, ýokary derejede dokument döretmegiňize kömek etmek üçin niýetlenen Ofis programmasydyr. Word, dokumentleriňizi has giňişleýin şekilde düzetmegiňize kömek eder.

Word 2013 dokumentini döretýän wagtyňda ilkinji ädim, boş bir ak kagyz ýüzi bilen başlamak ýada ýokary derejede peýdaly bolan şablonlardan birini ulanmagyň arasynda karar bermekdir.

 

Şablon saýlamak.

Boş bir kagyz bilen başlamak ýerine bir taýýar şablon bilen başlamak aňsatdyr. Word şablonlary, temalary we görnüşleri bilen ulanmaga taýýarsyňyz. Şablon bilen başlanyňyzda ýeke etmeli işiňiz diňe mazmunyňyzy goşmakdyr.

Word 2013i her açanyňyzda galareýadan  bir şablon saýlap bilersiňiz. Şablon islemesňiz boş kagyzyň ýüzüe basyp şablonsyz işiňize başlap bilersiňiz.

Her bir şablony ýakyndan görmek isleseňiz şablonyň üstüne basyp uly görnüşine seredip bilersiňiz.

Taýýar dokument açmak.

Wordy her açanyňyzda, çep tarapda iň soňku açan dokumentleriňiz durýandyr. Gözleýän dokumentiňiz ol ýerde ýok bolsa Otkryt drugie dokumenty diýen ýere basyň.

Eýýäm wordda bolsaňyz , Faýl > Otkryt basyň

Dokument ýatda saklamak.

Bir dokumenti ilkinji gezek ýatda saklamak üçin etjek işleriňiz:

  • Faýl basyň
  • Sohranit basyň
  • Dokumenti ýatda saklamak islän ýeriňize baryp
  • Sohranit basyň.

Dokumentleri okamak.

Düwmeleriň we elementleriň ählisini gizlemek üçin dokumendiňiziň Okamak Moduny açyň. Okaýan wagtyňyzda hiç bir zat ünsüňizi bozmaz.

  • Okamak isleýän dokumendiňizi açyň
  • Wid basyň Rejim Çteniýa giriň

 

Üýtegşmelere seretmek.

Bir dokument üstünde başgalary bilen işläniňizde dokumentdäki üýtgedilen ýerleri görmek üçin Isprawleniýa basyň.

  • Gözden geçiriljek dokumenti açyň.
  • Resenzirowanie basyp Isprwaleniýa giriň.

Dokumenti Printerden çykarmak.

Dokumendiňizi çykarmak üçin:

  • Faýl menýusynda Peçat basyň
  • Aşakdakylary ýerine ýetiriň:
  • Peçat aşagynda Kopiý ýerine çykarmak isleýän kopiýa sanyny ýazyň.

  • Printer aşagynda kompýuteriňize birikdirilen printeriňizi saýlaň.

  • Soňra Peçat düwmesine basyň

Bu tema peýdalymy?

2,985 gezek okaldy