Keýpsizligi ýeňip geçmegiň ýollary
Bu ýazga baha ber

Salam hormatly saýtymyzyň okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Bu gün men size keýpsizligi ýeňip geçmegiň aňsat, ýeňil ýollaryny öwretjek. Onda başladyk!

Her kimiň başyna agyr günler düşýär. Agyr günde negatiw duýgular bilen basylman ony ýeňip geçmeli. Bu aşakdaky ýönekeý nesihatlar siziň keýpsizligiňizi ýeňip geçmegi başarar.

1. Aýdym diňlemek.

Keýpsizligi ýeňip geçmegiň iň ýeňil ýoly aýdym diňlemekdir. Iň gowy görýän aýdymlaryňyzy jemläp, bir albom dörediň. Keýpsiz günüňizde, bu aýdymlary diňläniňizde, düýbünden keýpiňiz özgerer.

2. Fiziki işjeňlik.

“Bu gün keýpim ýok” diýip, ruhdan düşüp, öýe girip ýatmaly däl. Iň gowusy, deň-duşlaryňyz bilen gezelenje çykyň. Ýa-da bolmasa, ýeke özüňiz, iň gowy görýän ýeriňize gidip, biraz gezelenje etseňiz, keýpiňiz gül ýaly bolar.

3. Dostlaryň bilen gürleşmek.

Keýpsiz, ruhdan düşen wagtyňyz, dostlaryňyz siziň derdiňize derman bolup biler. Dostlaryňyz bilen kafe girip, stol başynda gürrüň geçirseňiz, keýpsizligiňiz gaçar. Hiç bolmanda dostuňyza jaň edip gürleşiň. Bu hem size kömek eder.

4. Gülmäge sebäp gözläň.

Keýpsiz günüň hiç gülesiň gelýän däldir. Ýöne şol gün hem gülmäge başar. Onuň üçin sebäp gözle. Eger hiç sebäp tapmasaň onda şu ýere gir.

5. Kino görmek.

Gowy görýän kinoňy görmek hem, seniň keýpsizligiňi gaçyryp biler. Kino diýemde, gorkunç kinolar däl-de, gülkünç kinolary görseň, gowy keýpiň bolar.

6. Gowy gören zadyňy iýmek.

Iň gowy gören zatlaryňy iýmek hem seni keýpsizlikden halas edip biler. Meselem, süýjülikler, tort we şm. Eger, tort alyp, öýüňe dostlaryňy çagyryp, paýlaşyp iýseň, ýagdaýyň has hem gowulaşar.

7. Dynç almak.

Günüň agyr geçdimi? Onda ähli kişiniň söýýän zady – uklamak. Sen hem uklap dynjyňy al. Ýatan wagtyň ýagşylyk hakda pikir et. Ählizat gowy bolar.

 

Bu günki mowzugym size ýarandyr diýip umyt edýän. Indiki mowzukda görüşýänçäk köp sag boluň!

Mowzugy döreden: Ilhan Dowranow / Öwrenmeli blogeri

E-mail: dovranovovrenmeli@gmail.com

7,335 gezek okaldy