IMO-nyň bildiriş seslerini üýtgetmek
5 (100%) 1 vote

IMO söhbetdeşlik programmasy bilşimiz ýaly şol bir bildiriş sesleri bardyr. Öz sazlamasyndan hem üýtgedip bolmaýar. Eger IMO bildiriş seslerinden ýadan bolsaňyz bu ýeri tüýs siziň üçin. Aşakdaky ädimler bilen IMO programmanyňyzyň jaň, gudok, bildiriş seslerini üýtgedip bilersiňiz.

Bu çözgüt diňe android telefonlar üçindir. Ilki bilen Play store-den APK editor programmasyny ýükläp alyň. Gök hatyň üstüne basyp ýükläp bilersiňiz. Şu ýere bas market://details?id=com.gmail.heagoo.apkeditor

Eger ýokardaky linke basanyňyzda ýalňyşlyk çykýan bolsa ýokarda çep tarapdaky menýu basyp browserde aç diýen düwmä basyň. (suratdaky ýaly)

Programma ýüklenenden soňra Apk editory açyň we suratdaky görkezilen ýere giriň.

Soňra telefonyňyzdaky programmlaryňyzyň sanawy çykar. Şolaryň arasyndan IMO programmany tapyp üstüne basyň.

IMO-a basanyňyzda aşakdaky ýaly dialog çykar siz suratda görkezilen ýere basyň.

Soňra Penjireden Audio bölüme geçiň.

Audio sahypasyna geçeniňizde aşakdaky ýaly IMO programmaň bildiriş we jaň seslerini görersiňiz.

1.beep.mp3 IMO-da hiç hili sesini çykarmaýar.

2.Eger call_out.mp3 Haçanda birine jaň edeniňizde gudok sesidir.

3.chime_clickbell_..mp3 Size sms gelende çykýan bildiriş sesidir.

4.group_ring.mp3 Grupbadan gelen smsiň bildiriş sesidir.

5.rt30s.ogg bu size jaň gelende çykýan jaň sesidir.

Ýokardaky sanawa görä islendik sesini özüňize görä üýtgedip bilersiňiz. Aşak gaýdyň..

Sesleri ýeke ýekeden özüňizçe üýtgedip bilersiňiz. Haýsy sesi üýtgetmek isleseňiz sag tarapyndaky Galam şekline basyň.

 

Galama basanyňyzdan soňra telefonyňyzdaky faýllaryňyz çykar öz aýdymlaryňyzy tapyp saýlap göni üstüne basyň.

Goýan aýdymyňyzy barlamak üçin çep tarapda duran Play düwmesine basyň. Aýdymyňyz dogry bolsa aşakda duran Sohranit düwmesine basyň we taýýar bolýança garaşyň.

Taýýar bolandan soňra garşyňyza aşakda suratdaky ýaly sahypa çykar. Siz Ustanowit ýazylan ýere basyň we IMO-ny gurnaň.

Ýene-de Ustanowit düwmesine basyň we ýüklenýänçä garaşyň. Ýüklenenden soňra IMO-ny açyp ulanyp bilersiňiz. size diňe üýtgeden sesleriňizi jaň edip we jaň etdirip barlamak galýar. (IMO hasabyňyzdaky hiç hili maglumatlar ýitmeýändir.)

Eger Ustanowit düwmesine basanyňyzda progamma ýüklenmedi diýip ýalňyşlyk çyksa, telefonyňyzdaky IMO programmany göni pozuň we telefonyňyzda File manager arkaly şu ýoly ApkEditor/tmp/gen-signed.apk tapyp IMO-ny täzeden gurnaň. Öňki ulanýan telefon belgiňiz bilen girip dowam edip bilersiňiz. Imo hasabyňyz edil öňkisi ýaly açyljakdyr. Diňe ýazyşanlaryňyz pozular.

Bu tema işiňize ýaradymy? (teswirlere ýazyp bilersiňiz)

11,667 gezek okaldy