Metal, plastik ýa-da aýna? Smartfonlar haýsy materialdan?
5 (100%) 1 vote

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu günki taýýarlan mowzugymda el telefonlary hakda, olaryň nämeden ýasalandygy, haýsy materialdan ýasalany gowy, şular hakda gürrüňdeş bolup geçeris.

Häzirki zamanda gün-günden täze el telefonlar çykýar. Olaryň materialy nämedenkä? Haýsysy biziň üçin amatlyka? Geliň şular hakda aýratynlykda baha bereliň!

Metal

Metaldan ýasalan smartfonlar gymmat bahaly we owadan görünýärler. Ýöne häzirki döwürde bu materialdan ýasalan telefon gymmat bahada däl-de elýetirli bahalarda satylýar.

Oňat taraplary:

  1. Gymmat bahaly görünýär. Eger-de sizde şeýle materialdan ýasalan el telefonuňyz bar bolsa, onda siz hakykatdanam ýönekeý dälsiňiz. Daş-töweregiňizdäki adamlar size gowy baha bererler.
  2. Modadan galanok. Eger-de el telefonuňyzyň korpusy metaldan bolsa onda oňa goşmaça bezeg gerekdäl. Metal hiç haçan modadan düşenok.
  3. Ýylylyk geçiriji. Ýagny fizikadan bilşimiz ýaly, metal özünden ýylylyk effektini gowy geçirýänligi sebäpli, haçan-da eliňizi metal korpusly el telefonuny alanyňyzda eliňiziň aýasynda ýakymly duýgulary galdyrar. Ýagny metal korpusly el telefonlaryny eliňe alaňda sowuklygy duýýaň. Bu bolsa metallaryň iň gowy häsiýetleriniň biri.

Erbet taraplary:

  1. Deformirlenýär. Metal korpusly el telefonlary ýere gaçanda, metalyň deformirlenmegine eltýär.
  2. Geçirijilik kemçilikleri. Metal korpusly el telefonlary özünden radiotolkunlary has-da agyr geçirýär. Stiw Jobsyň döwründe Apple kompaniýasy ilkinji iPhone 4 modelini çykaranda, onuň LTE, WiFi, Bluetooth radiotolkunlaryny tutujylygy pesdi.

Plastik

Plastikdan ýasalan el telefonlary dürli reňkde, dürli formada bolup bilýärler. Meselem Lg G Flex smartfony deformirlenen görnüşinde ýasalan. Ýagny plastikdan ýasalan el telefonlary, ýeňil we arzan bahaly görünýärler.

Oňat taraplary:

  1. Bahasy. Plastikdan ýasalan el telefonlary arzan bahaly bolýarlar.
  2. Ýokary hilli. Plastik – ýokary hilli materiallaryňm biri hasaplanýar. Şonuň üçin hem plastikdan ýasalan el telefonlary ýokary hilli bolýarlar.
  3. Geçirijiligi ýokary. Plastik özünden radiotolkunlary tiz we doly geçirýär. Şonuň üçin hem plastikdan ýasalan el telefonlary radiotolkunlary (WiFi, LTE we ş.m) gowy geçirýär.
  4. Reňki. Plastik her dürli reňke boýalyp bilýär. Meselem, Nokia kompaniýasy el telefonlaryny sary, mämişi, gyzyl ýaly reňklerde öndürdi.

Erbet taraplary:

  1. Arzan bahaly görünýär. Plastikden ýasalan el telefonlary arzan bahaly duýulýar.
  2. Tiz başga reňke geçýär. Plastik korpusly telefonlar özüne tiz başga reňki geçýär. Meselem ak plastikli korpusly telefonlary tiz hapalanýar we arassalamak aňsat bolmaýar.

Aýna

Ilkinji aýnadan ýasalan el telefonlaryny Apple kompaniýasy öndürdi. Ýöne häzirki döwürde aýna materialyndan soňky döwürlerde meşgurlyk gazanan Samsung kompaniýasy öndürýär.

Oňat taraplary:

  1. Geçirijiligi. Metallara we plastiklara garanyňda aýna özünden radiotolkunlary gowy geçirýär.
  2. Ajaýyp görünýär. Aýnadan ýasalan el telefonlary ajaýyp görünýärler. Sebäbi, aýna özünde ýagtylyk arkaly wizual effektleri döredýär.
  3. Gymmat bahaly duýulýar. Aýnadan ýasalan el telefonlary gymmat bahaly görünýärler.

Erbet taraplary:

  1. Hili pes. Aýnanyň tiz döwülýäninden ählimiziň habarymyz bar. Şonuň üçin ýasalan el telefonlary ýere gaçanda aňsat döwülmegi mümkin.
  2. Çyzyklar emele gelýär. Aýna korpusly el telefonlarynyň ýüzünde tiz çyzyklar emele gelýär.
  3. Typançak. Aýna tiz typýanlygy sebäpli, ol aňsatlyk bilen ýere gaçyp bilýär.

 

Siziň üçin haýsy materialdan ýasalan el telefony gowy? Teswirleriňizde görkeziň!

 

5,677 gezek okaldy