LINE hasaba email birikdirmek
Bu ýazga baha ber

Eger-de LINE hasabyň nomerini üýtgetmek isleýän bolsaň ýa-da satyn alnan stiker temalaryňy şol bir hasabyňdan başga telefondan gireniňdede galmagyny isleýän bolsaň LINE hasabyňa email birikdirmelidir. Onuň üçin aktiw email hasabyňyz bolmalydyr. http://gmail.com eger email hasabyňyz ýok bolsa şu ýerden registrasiýa edip özüňize hasap açyp bilersiňiz!

LINE hasabyňa email Birikdirmek üçin aşakdakylary yzarlaň.

Öz LINE-yňyzdan aşakdaky ýoly yzarlaň. Suratlardanam seredip bilersiňiz

1.Ilki bilen LINE-yňyzdan Email sahypasyna gidiň.

Email sahypany tapmak üçin

Şu ýoly yzarlaň More > Settings > Account > Email Account Registration.  ýa-da şu link bilen göni baryp bilersiňiz. https://line.me/R/nv/settings/account

Bu ýere Öz email hasabyňyzy Password ýerinede içinden azyndan bir san bolan parolyňyzy goýuň. Soňra OK basyň

OK basanyňyzdan soňra Email hasabyňyza LINE kod ugratjakdyr ony hem

Email hasabyňyza gelen kody bolsa aşakdaky ýaly gelen penjira ýazyň. Şeýlelik bilen LINE hasabyňyza email hasabyňyzy birikdirdiňiz!

 

4,501 gezek okaldy