Peýdaly Türkmen programmalary (Android üçin)
5 (100%) 1 vote

Gün günden özgerýän tehnologiýa dünýämizde, telefonlarymyzyň üsti bilen peýdalanyp we ulanyp biljegimiz kömekçi programmalar bize hökmany ýagdaýda gerek bolandyr. Bu gün Türkmen dilinde taýýarlanylan kömekçi programmalaryň sanawyny düzdik. Geliň bilelikde tanyşalyň.

  • Internet üsti bilen söwda etmegi halaýan bolsaň bu programma tüýs seniň üçindir. TMCARS programmasy sada görnüşe eýe bolup, içinde dürli eýesinden awtoulaglar, awtoşaýlar we beýleki harytlary hödürleýär. Diňe almak däl eýsem bildiriş goşup satmak hem bolýar. Programmany şu ýere basyp alyp bilersiňiz https://goo.gl/YsRUCG       
  • Enedilim programmasy çeşmesini enedilim.com saýtyndan alýar. Programmada türkmen dilindäki sözleriň manysyny we dogrusyny tapyp berýär. Programmany şu ýere basyp alyp bilersiňiz https://goo.gl/L86Y9B

  • Jan saglygy wajypdyr. Haçanda awtoulaga münüp ýola çykanymyzda arkamyzda ene atamyzyň maşgalamyzyň bize dört göz bilen garaşýandygyny pikir etmelidiris. Özümizi bilmesekde, bize garaşýanlary bizi söýýänleri gynandyrman maşynda ýoldan çykman sag aman öýe barmalydyrys.  Ýagny maşyn bilen gereksiz hereketler biziň hem abraýymyzy hemde saglymyzy howpa salýar. Maşyn sürmek üçin iň esasy bilmeli zadymyz ýol kada düzgünleridir. Bu programma arkaly özümizi biraz hem ýol kadalary hakynda kämilleşdirip bileris. Programma bize ýol kadalary boýunça synaglary we dogry ýalňyş jogaplary hödürleýär. Programma iki görnüşli. Ikisi hem aýry pebdasyny berýär. Google play arkaly gözden geçirip bilersiňiz. https://goo.gl/GKsw8F   https://goo.gl/xuzWjm

  • Käte has uzaklara dost tanyşlara jaň etmeli bolýar. Şeýlede her welaýatyň her şäheri aýry bir poçta belgisi bar. Eger uzaklar bilen gaty köp gürleşýän bolsaň bu programma seniň ýan depderçäň hem bolup biler. Içinde Poçta we tutuş şäherlerimiziň belgileri ýerleşdirilen. Käte begiler ýatdan çykýar. Programmany şu ýerden alyp bilersiňiz. https://goo.gl/FVXfRP
  • Beden Agram Indeksi (BAI), Belgiýaly matematik Adolf Kwetelet tarapyndan oýlanyp tapylýar. Beden Agram Indeksinde boýunyzyň we agramyňyzyň ölçegi alynyp formula esasynda belli bir san çykýar. Bu sanlara görä siziň bedeniňiziň haysy ýagdaýdadygyny, ýagny bedeniňiziň hor,orta agram ýa-da semiz haldadygyny bilip bolýar. Agramyňyzy we boýuňyzy ýazyp ölçe dügmesine basanyňyzdan soň, netije boleginde Beden Agram Indeksi sanyna görä beden ýagdaýlary şulardyr:
    Eger BAI sany:
    15-16 arasy bolsa = Arryk
    16-18,5 = Hor
    18,5-25 arasy = Orta Agram(Saglykyly agram)
    25-30 arasy = Semizlik
    30-35 arasy = 1-nji derejeden semizlik
    35-40 arasy = 2-nji derejeden semizlik
    40 we ýokarysy = 3-nji derejeden semizlik.   Bu ýazgy programmanyň açyklamasydyr.Programma arkaly gysgaça Beden agram indeksinde boýnuňyzyň we agramyňyzyň belli bir sanyny çykarýar oňa görä agramyňyzyň nähilidigini öwrenýärsiňiz. Programmany şu ýerden alyp bilersiňiz. https://goo.gl/6Uu8wB

11,056 gezek okaldy