Öwrenmeli täze wersiýa 4.0
5 (100%) 1 vote

Salam hormatly agzalar!

Uzak aralykdan soňra size bir täzelik bilen geldik. Bu gün size täze bir Öwrenmeli programmasyny tanyşdyrmakçy, ýagny täze wersiýasyny.

Täze wersiýada esasan dizaýny üýtgedildi öňkä garanyňda başgaça bir görnüş geldi. Öň bize içindäki temalary tapmak kyn bolýan bolsa, indi tersine ähli temalar bize elýeterli we ýakyn görünýär.

Şeýle hem öňki wersiýada temanyň içindäki suratlary ulaldyp görüp bolmaýardy. Indi bolsa suratlary açyp isleseňiz telefonyňyza ýükläp bilýärsiňiz.

Öňki wersiýada kategoriýalar sada diňe sanaw görnüşinde görkezilýärdi. Täze wersiýada kategoriýalar has öz boluşly görkezilýär.

Teswirleriň penjiresi öňkä garanyňda üýtgedildi.

Öňki wersiýada internetsize diňe temalary goşup bilýärdiňiz. Indi bolsa temalary goşanyňyzdan soňra haçanda internetsiz programma gireniňizde göni internetsiz penjire açylýar. Ýagny internetsiz programmany ulanyp bilýärsiňiz.

Temalarda hödürleýän URL salgylarymyzy indi programmadan çykman göni açyp bilýärsiňiz.

Sazlamalar bölümünden temanyň hat ölçegini islegiňize görä ulaldyp kiçeldip bilýärsiňiz.

Google tts funksiýasy hem goşuldy. Bu funksiýa ýazylan ýazgylary sesli okap berýär. Türkmençe dili ýok ýöne, telefonyňyzy türkçe diline geçireniňizden soňra ü,ç,ş ýaly harplar bolanlygy üçin ýokdan bar edip düşnükli dilde okap berýär. Bu funksiýa android 4.4.4den ýokary telefonlar üçin el ýeterlidir.

Täze wersiýadan käbir suratlar:

 

Programmany täzelemgi size maslahat berýäris! Çünki Täze temalar, Ýeňil ulanyşly we başgada birnäçe üýtgeşiklikler.

Programmany täzelemek üçin şu https://goo.gl/MifVE9 linke ýada Menu basp “Haladyňmy?” düwmesine girip Google Playdan täzeläp bilersiňiz!  Göwrümi 5 MB

Täze wersiýany alanyňyzdan soňra pikirleriňizi maslahatlaryňyzy ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Siziň pikirleriňiz we düşünjeleriňiz biziň üçin wajypdyr.

6,651 gezek okaldy