Bloger bolmak üçin nämeler etmeli?
5 (100%) 3 votes

Bloger bolmak üçin nämeler etmeli?

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly agzalary! Öňki “Blogerler kimler” atly mowzukda duýduryşym ýaly şu gün size “Bloger bolmak üçin nämeler etmeli?” atly mowzuk döretdim.

Yzygiderligi boýunça ünsli okaň :

  1. Bloger bolmak üçin ilki siz özüňiziň internetde bloguňyzy döretmegiňiz zerur. Onuň üçin internetde birnäçe mugt blog döredýän platformalar bar. Olardan mysal getirip, “blogger.com” , “wordpress.com” , “livejournal.com” , “ghost.org” we ş.m.
  2. Özüňiziň şahsy bloguňyzy döredenden soň, oňa hökmän domen we hosting satyn almaly. Satyn alman hem platformanyň içinde bloguňyzy ýöredip bilersiňiz. Ýöne bu ýöredýän bloguňyz meşhurlyk gazanmaz. Şonuň üçin özüň adyňa şahsy domen we hosting alanyň amatly bolýar. Satyn alan domeniňiz we hosting diňe size degişli bolar. Blogy diňe bir adam ýöretmeli.
  3. Bloguňyzda hemişe gyzykly maglumatlary, mowzuklary, laýfhaklary döretmäge çalşyň! Bu bolsa size Internet Äleminde meşhurlyk gazanmaga itergi berer.

Blog arkaly pul gazanmak.

Blogerlere internetde pul gazanmak aňsat däl. Munuň üçin diňe bloguňy aktiw ýagdaýda saklamaly. Saýtda pul gazanyşyň ýaly, blogda hem şeýle pul gazanylýar. Ikisiniň hem pul gazanyş prinsipi meňzeş. Ýatdan çykarmaň, blog döreden günüňizden başlap pul gazanyp bilmersiňiz! Onuň üçin köpräk zähmet çekmeli bolarsyňyz. Eger-de siziň ululy-kiçili firmaňyz ýa-da siz biznesmen bolsaňyz onda blog ýöredip pul gazanmak aňsat bolar. Sebäbi, köp biznesmenler özüne şahsy blog döredip, blogy arkaly söwda edýärler.

Sizi bir sorag gyzyklandyrýandyr “Blogerler näçe pul gazanýarka?”. Bu soraga jogap gaýtarmak kyn mesele bolup durýar. Men internetde köp blogerler hakda okapdym. Aýyna 2000$ (amerikan dollary) gazanýan blogerler hem bar. Ýöne beýle möçberde pul gazanmak olara aňsatdyr öýtmäň. Her bir işiň kynçylygy bardyr.

Indi bilýänsiňiz, bloger – bu adaty hobbi däl, bu ýokary wezipeli iş!

Ýazan: Ilhan Döwranow

4,346 gezek okaldy