Blogger kim?
5 (100%) 3 votes

BLOGERLER KIMLER?

Salam Öwrenmeli saýtynyň agzalary! Bu mowzugyň adyndan belli bolşy ýaly şu gün men size “Blogerleriň” kimdigini düşündirjek. Hawa, araňyzda blogerleri tanaýanlar bardyr hat-da blogerleriň özleride bardyr. Ýöne blogerleriň kimdigini bilmeýänler üçin şu mowzugy döretmäge makul boldum.

Ilkinji biz bloger sözüniň nämedigini bileli! Bloger bu – islendik adam tarapyndan ýöredilýän elektron gündeliklere aýdylýar. Ýagny, isleg bildirýän her bir adam internet äleminde özüniň hususy bloguny döredip, döreden blogunda öz bilýänleri bilen paýlaşmak. Esasan blogerler bir tema boýunça blog döredýärler. Ýöne arasynda dürli tematikada blog döredýän blogerler hem bar.

Käbir blogerler öz bloglarynda öz pikirlerini, duýgularyny beýan edýärler. Ýöne beýle blog döredýänleriň yzarlaýjylary az bolýar. Sebäbi käbir adamlar üçin beýleki bir adamyň pikirleri ýa-da duýgulary gyzykly bolmaýar.

Esasan bloglary şu aşakdakylar ýöredýärler:

  1. Biznesmenler
  2. Meşhur adamlar
  3. Özüniň gyzykly durmuş wakalaryny beýan edýänler

Biznesmenler – bu blogerler esasan biznes sferadaky täzelikler, özüniň biznesi boýunça gürrüň bermek üçin we şu bloguň üsti bilen pul işlemekleri üçin döredýärler. Biznesler öz bloguna yzarlaýjylary köpeltmek üçin elinden gelen zatlaryny edýärler. Olar öz blogunyň üsti bilen amatly partnýorlary tapyp internet üsti bilen ssylkalary satýarlar we şeýdip öz blogunyň üsti bilen pul gazanýarlar.

Meşhur adamlar – bu blogerler bir maksat boýunça öz bloguny döredýärler. Ýagny, internet äleminde meşhurlyk gazanmak üçin. Internet äleminde meşhurlyk gazanmak aňsat. Ýagny, her biriňiz “YouTube” ulanýansyňyz we YouTube-da birnäçe gülkili ýa-da özüne çekiji wideolary görensiňiz. Şu adamlar ilki şeýle wideolary döredip YouTube-da öz kanalyny döredip, kanalyna wideolaryny ýerleşdirýärler. Netijede, wagtyň geçmegi bilen wideony görenleriň sany artyp, wideony goýan adam meşhur bolup başlaýar.

Özüniň gyzykly durmuş wakalaryny beýan edýänler – bu blogerler esasan öz durmuşy barada gürrüň  berýärler. Bu blogerler özüniň gyzyklanýan zatlary, gyzykly laýfhaklar barada gürrüň berýärler. Netijede, bu blogerler internet äleminde meşhur gazanmaga başlaýarlar.

Indiki mowzuk – “Bloger bolmak üçin nämeler etmeli?”

Indiki mowzukda görüşýänçäk köp sag boluň!

Ýazan Öwrenmeli portalynyň tema ýazyjysy: Ilhan Döwranow

5,796 gezek okaldy