0-dan başlap web saýt gurmak we pul gazanmak
5 (100%) 1 vote

Temanyň dowamy ýazyldy. 

Ýazylan ýeri: Proýekt saýlamak hakynda. Okamak üçin aşaga gidiň

Boş wagtlaryňyzy peýdaly zatlara geçirip biljegiňiz, köp mukdarda pul gazanyp biljegiňiz hatda işgärleri bolan uly bir şereketiň eýesi boljagyňyz bir ýagdaý bolup biler. Şonuň üçin ähli işleriňize dynç beriň, çaý ýada kofiýaňyzy 🙂 alyň we ünslije okaň. Bir web saýtyň eýesi bolmak gaty aňsat emma pul gazanyp boljak bir web saýty gurmak aňsat däldir. Bu pudagy biri birinden tapawutly wezipeleri bolan 10 müňlerçe bölekden bolandygyny göz öňüne getireliň. Üstünlikli bolup bilmegimiz üçin  10 müňlerçe tapawutly wezipesi bolan böleklerden iň dogrusyny saýlamalydyrys. Muny edip bilmegimiz üçin 1-2 ýyllyk tejribe ýeterlikli däldir, Bu pudakda 10 ýylda kellesini agyrdanyna garamazdan pul gazanyp bilmeýänlere duş gelýäris. Hakykatdan 100 sany tejribeli bar bolsa bulardan 20 sanysyny gazanýandyr.   Bu temany soňuna çenli okanyňyzdan soňra aşakdakylar hakynda doly maglumatyňyz boljakdyr.

  1. Internet we pul
  2. Web saýtlar
    • Blog saýtlary
    • Forum saýtary
  3. Web saýtlaryndan pul gazanma ýollary.
    • Reklama almak
    • Satuw şärikligi
  4. Proýekt saýlamak
  5. Web saýdy we aşaky gurluşy
  6. Seo
    • Içindäkiler we seo
  7. Web saýdy nähili gurulýar.
    • Taýýar proýektler we gurmak
    • FTP faýl dolandyrylyşy
      • Ghost blog gurmak
      • WordPress gurmak
      • Forum programmalary
  8. Reklama ýaýlymy – Adsense

 

1.Internet we pul

Internet 2003-2005 ýyllarynda ADSiň ýaýramagy bilen gaty tizlikli kämilleşmäge başlady. Internetden pul gazanmak şunyň ýalydyr: Bir bag ekersiň miwesini bolsa birnäçe aýdan soň alarsyň. Edil şunyň ýaly internetde hem bir web saýt işledip başlaňda şol wagtyň özünden başlap pul gazanyp bolmaz. Ilki Web saýtyňa ulanyjy ýygnamalydyr, saýtyňy gün günden kämilleşdirip ulaltmalysyň, ýaýratmalysyň. Haçanda web saýtyň herkim tarapyndan ulanylyp başlanylanda reklama teklipler we  şäriklik ýaly pul gazanyp boljak çeşmeler orta çykyp başlar. Şonuň üçin hem web saýt pudagynda işe başlanyňyzda size ilkinji gerek bolan zat sabyrdyr.

2.Web saýtlar

Bu sözbaşydaky proýektimize görä şekillenjekdir. “Proýekt saýlawy – nämeler edip bileris” mazmunyna karar berenimizde proýektimize uýgun boljagyny saýlaýarys. Bizi gyzyklandyrýanlary “Blog” we “forum” programmalarydyr. Başgada wideo, söwda saýtlary üçin taýýar proýektleri hem ulanyp bileris emma täze başlaýanlar üçin dogry bir saýlaw boljak däldir. Hiç bir internet, web,e degişli tejribämiz ýok wagty kyn bolan  wideo ýada ýokary derejede söwda ýaly saýtlary ýöredip biljek halymyz ýok. Häzir blog we forum programmalaryna degişli maglumatlary öwreneliň.

Blog: Şahsy bloglar, nahar reseptleri, moda, saglyk, tehnologiýa ýaly bir näçe temada maglumatlar paýlaşyp biljegiňiz, okyjylara saýtyňyzy yzarlatmaga we mowzuklara teswir ýazma mümkinçiligini hödürlän web programmadyr. Proýektiňize görä blog ulanmagy amatly görseňiz işiňiz has hem aňsat boljakdyr. Başgada eň gowy taýýar blog programmalaryň mugt hödür;enşi, başlangyç üçin iň gowy mümkinçilikdir. Blog saýtlary mowzuk taýdan awtor ýada awtorlar tarapyndan ösdürilip biliner. Okyjylaryňyz saýtyňyzyň içindäki mowzuklara degişli paýlaşyp bilmezler. Ýagny blog saýtyňyz mowzuk ýagdaýy dolylygyna siziň ýada toparyňyzyň işleri bilen  ugry boljakdyr. “Web saýty nähili gurular” sözbaşy aşagynda ulanyp biljegiňiz iň gowy taýýar blog programmalaryndan has köp maglumat berjek. Dowam edeliň..

Forum: Has köp bu işe başlaýanlaryň ilkinji saýlawy bolandyr. Aslynda forum saýtlary dogry işledilse  belli bir ädimlerden soňra onlarça hatda ýüzlerçe kişiniň mowzuk açyp, öz-özünden ulalan bir saýt bolup biler. Blog saýtlarynda gazanyp biljegiňiz okyjylary bir forum saýtynda agza/ulanyjy  görnüşde gazanyp bilersiňiz. Biziň okyjylarymyz meniň pikirimçe forum saýtlaryna has köp öwrenşendir. Bir blog saýtyndan gerek bolan zadyny alar, soramak isleýän zadyny bolsa forum saýtlaryna gidip sorar. Onsuzam forum saýtlaryň jan alyjy tapawutly soraglarydyr. Umuman kömek maksatly ulanylandygy üçin ulanyjylar has köp soraglar ýazar we saýtyňyz soraglary gözleg matorlarynda (google we.şm) çykmaga başlar. Bu hem okyjylaryň dowamy hem saýtyňyza agza bolup (registrasiýa) gelerler. Mugt  görnüşünde birnäçe forum programmalary hem bar.

3.Web saýtlardan pul gazanmagyň ýollary.

Has näzik bir nokada geldik. Web saýtlary we pul gazanma ýollary boldygyça uly bir tema. Iň dogry saýlawy iň dogry ýol bilen ýerine ýetirmesek gazanjymyz pikir edişimiz ýaly bolmajakdyr. Eň ýaýrany we aňsady saýtynyza reklama almak we pul gazanmak saýlawy hem bir näçe aýratynly bir temadyr. Pul gazanma ýollarynyň ählisine  ýer bersem bu ýazgy gutarmaz, başgada gerekli  wagtyňyzy alaryn. Bu işe täze başlaýan kişi bolup edip biljegimiz iň amatly iki ýoldan ýagny reklama alma we satuw şärikligi ýollary bilen başlarys.

Reklama almak: Saýtymyza berlen reklamalary alyp ýerleşdirýäris we reklamalary ýaýlyma goýberýäris. Reklama firmalaryň nyrh görnüşlerine görä “görülen” ýada “basylan” sanyna görä gazanýarys. Iň ýaýran reklama modeli şudyr.  Reklama firmalar ýörite üstünde işleýärler. Gysgaça şeýle siz öz saýtyňyza reklama ýerleşdirmekçi we pul gazanmakçy. Ilki bilen gowy pul gazandyran online reklama firmalaryny tapýarys we registrasiýa bolup saýtymyzy tanatýarys. Reklama firmasy hem saýtyňyza reklamany berýär. Ýokardaky belläp geçişimiz ýaly gazanjy reklamany görülen ýada basylan görnüşde gazanýarsyňyz. Siziň gazanjyňyzy bolsa aýlyk ýada belli bir möçbere ýetende hasabyňyza geçirýärler. Diňe reklama firmalar bilen işleşmän eýsem beýleki internet agzalaryň hem reklamalaryny alyp gazanyp bilýärsiňiz.

Satuw şärikligi: Bu modelde mysal görnüşde şeýle: Men bir m76 modelli bir telefon ulanjak bolýan. firma r30 modelinde bir telefon çykaryp online internet üstünde satýar we bu telefon 100 manatdyr. Biz firmanyň saýtyna girýäris we bar bolsa satuw şärikligi üçin registrasiýa bolýarys. Bu firma satuw şärikligi üçin bize bir URL salgysyny berýär. Bu salgyny hem biz öz saýtymyzda görkezýäris. Saýtymyzdaky myhmanlardan/ulanyjylardan biri bu salga basyp firmanyň online satylýan saýtyna gitdi we telefony satyn aldy. Bizde bu söwdadan şeýdip pul gazanýarys. fitmasy satyn alan kişiniň biziň saýtymyzdaky salgydan gelendigi üçin bize kollegiýa berýär.Näme üçin biziň saýtymyzdaky salgydan alsyn diýip pikir edýän bolsaňyz  munyň birnäçe sebäbi bar. Mysal saýtymyzda m76 kamera testi adynda bir mowzuk açdyk we testimiziň mazmunyny paýlaşdyk. Elbetde bu tema içinde telefony almak üçin basyň ýaly bize berilen salgyny goýýarys. Bu tema hakynda gyzyklanýan kişiler gözleg matorlarynda gözleg netijelerinde saýtymyza geljekler we testimiziň netijesine görä telefony almaga karar bererler. Bu we meňzeş ýollar bilen birnäçe satuwlar edip bilersiňiz.

 

Proýekt saýlamak

Ýokarda ýazanym ýaly bu işlere ilki başlaýan kişiler birnäçe saýt açyp boş ýere çykdaýjy edip pul harjaýarlar. Her nähili tejribeli bolsaňda proýektiň geljegini pikir etmeli. Her dürli saýt düzüp ulanylyşa girizilip bilersiň emma bu halk tarapyndan ulanylarmy ulanylmazmy. Şonuň üçin proýekt saýlanyňyzda şeýle bir gowy pikirlenmelidir ýogsa azabyňyz boş ýere gidip biler.

Umumy mazmunly proýektleri kelläňizden pozuň. Her mazmuna ýer beren saýtlaryň belli bir ýerlere gelmegi mümkin däldir. Diňe bir temada ýöretmegiňiz has gowydyr. Ýagny “Aýdymlar” mazmunly bir proýektde üstünlik gazanmak derejäňiz %1, “klipler” mazmunly proýektiň derejesi %40, emma içinde ýaşlaryň we ulularyň okap biljek gyzykly saglyk, iýmit, söwda we ş.m degişli peýdaly ýazgylar bolsa proýektiňiz %90 derejede üstünlik gazanyp biler. Iň başda hem belläp geçişimiz ýaly, bir saýtda saglyk, iýmit, söwda degişli ähli zat bar bolsa garyşyp biler. Şonuň üçin belli bir mazmunly özüňize has ýakynyny saýlaň.  Näme üçin Aýdymlar we klipleriň derejesi az bolsun? Çünki häzirki günümizde aýdym saýt gaty köp we bu hem siziň täze açjak bolýan aýdym saýtyňyza ýer bermez. Nähili gowy aýdym saýt çykarsaňda ulanyjylaryň köpüsi diýen ýaly birinji tapanyny ulanarlar. Ýagny eýýäm öňki ulanýan zadyna öwrenşendir.

Berk bir proýekt isleýän bolsaňyz ussa/ökde bolanyňyz bir temada işläň. Mazmunyna eýe bolanyňyz bir saýty “mazmun” taýdan içini has baýlaşdyryp bilersiňiz. Okyjylaryňyza dogry maglumatlar hödürläp, soraglaryna jogap berip bilersiňiz. Bu saýada soňraky Sözbaşy bolan “Seo – gözleg mator deňliliginde tapyljak okyjylaryň saýda girme derejesi artjakdyr we her temada has güýçli bir saýt boljakdyr. Gitdigiçe ulalan, okyjylary/ulanyjylary köpelen bir saýt bolmagy üçin, okyjy/ulanyjyny saýtda saklap bilmegiňiz has wajypdyr. Şu sebäpli hem proýekt saýlanyňyzda ýazyp biljegimiz mazmunlarymyza dereje bermek gerekdir.

Maglumatyň eýesi bolan temalarymyz: Saýtymyza doly eýeçilik etmegimiz üçin içinde ýazýan zatlarymyzada eýe bolmagymyz gerekdir. Proýekt saýlawynda iň wajyp we iň bellikli temaňyz şu bolsun.

Köpçülige degişli: proýektiňiz esasan hem köpçülige degişli bolsun, ýagny herkim tarapyndan ulanylsyn.

Blog we forum hakynda agzap geçipdik. Proýektimizi bu iki programmanyň birinde döredip bileris. Blog saýt ýada forum. Ulanyjylaryň wideo ýüklemesi ýaly proýektlere bulaşmaň. Çünki täze başlaýarys.

Dowamlylyk: Şeýle bir proýekt bolsun her wagt bir zatlar ýazyp bileýin. Dowamly ösen, ulanyjysy köpelen bir saýt bolmagy üçin dowamlylygyň bolmagy şertdir. Mysal: Haýwanlary ele alalyň. Proýektimiz siňeklere degişli bolsun, näçe tema ýazyp bileris? Siňek dermanlary, çybyn, zäherli siňek we şm. Itler ýada guşlara degişli bir proýekti göz öňüne getiriň, meselem müň soragy bar. Gyzyklanýan kişiler gaty köp, dowamly çekeleşilýän meýdany bolan proýekt.

Garşydaşlar: Bir iki hepde öň  baha bermä alanym we goýbolsun edenim proýekt bu temany gowy şekilde açyklajakdyr. Has ýokary derejede bir domain ady bolan mysal: ingowysayt.com üçin bir blog saýty açyp domain adymy baha bermäge pikirlendim. Gözleg matorlarynda degişli sözleri gözletdim we garşydaşym ýerini alandygyny gördüm. Bu proýektiň ýylda bir aý gazanç etdigini göz öňümize getirsek, güýçli bolan garşydaş saýt bilen çekeleşige girmäk akylly pikir däl. Şonuň üçin goýbolsun etdim we domain adymy satmagyň gowy pikiridine göz ýetirdim. Sizde proýektiňize karar berýän wagtyňyz garşydaşlaryňyzy gözläň anygyna ýetiň.  Dowamy bar…

 

Eger öwrenmeli portalynda bir zatlar ýazyp agzalara ýetirmek isleýän bolsaňyz biz bilen habarlaşyp özüňize admin sahypasy açdyryp täze mowzuklar /temalar ýazyp öwrenmelide paýlaşyp bilersiňiz! LINE ýada email arkaly habarlaşyp bilersiňiz EMAIL: support@tsoltanov.com LINE üçin şu ýere bas. https://goo.gl/hLfXqQ

10,969 gezek okaldy