Hacker kim? Näme zat?
Bu ýazga baha ber

Hacker kim, haýsy usullary ulanarlar, nähili gurallara eýedir?

Internet dünýäniň iň tizlikli ulalýan maglumatlar okeanydyr. Işlerimizi etmek, maglumatlar öwrenmek we wagt geçirmek üçin internede islegimiz çäksizdir. Her gün milýonlap kişiler bu bu okeana çümüp çykýar.

Bu dünýä toruny döreden milýonlap kompýuter eýelerinden diňe gaty az kişiler internediň howplaryndan habarlydyr we az kişiler gelýän howplary tanamak we öňüni almak üçin wagt sarp edýändir. Ählimiziň internede baglanmagymyzyň asyl sebäbi maglumata gowuşmak. Ýöne bu okeanyň çuňlyklarynda “maglumata gowuşmak azatlygy”na ynan birileri hem bar. Olar internetden öňem bardylar, geljekdede bar boljakdyrlar.

Hacker kim?

Kompýuter we internet bilen biraz tejribesi bolan herkimiň kellesinde bir Hacker kesgitlemesi bardyr. Hakerler köplenç ýykyjy, erbet niýetli kompýuter ulanyjylary diýip görkezilýär. Hakykatdanam şeýlemi?

Hakerler kompýuter dünýäsiniň heniz çagalarydyr. Kompýuterler üstünde adatdan daşary bir ukyba  we başga bir zehine eýe bolan kişilerdir. Hacker diňe “kompýuter garakçysy” diýmek däldir. Häzirki wagtda kabul edilen iki ýaýran haker görnüşi bardyr. Bularyň birinjisi Kompýuter programmaçylygy, beýlekiside kompýuter howpsyzlygyny ele alýar.

Birinji görnüşi meşhur haker sözi Argo (Jargon File) ýazyjysy Eric Steven Raymond tarapyndan döredilendir. Oňa görä, programma bilen işleýän sistemler hakynda diňe gerek bolan maglumata çenli öwrenmegi saýlan, sistemalary jikme-jik barlamaga höwesi bolan we zehinlerini ösdüren kişä Haker diýiler.

Bu görnüş haker düşünjesine dolylygyna pozitiw bir many berýändir. Bu taýdan seredilende hakerler ýokary derejede ukyply we dörediji programmaçylardyr. Programmaçylyk tarapyndan “Hak-lemek” diýmek, bir sistemanyň bilinmeýän syrlaryny orta çykarmak ýada sistemany belli bir maksada görä hyzmat etjek şekilde täzeden programmalamak diýmekdir.

Programmaçy hakerler üçin Haking “bir programlama meselesine tizlikli we zyýansyz bolmagyna garamazdan işi bitirmegine çäre tapmak” diýmekdir. Raymon-da görä kompýuter sistemalaryna zyýan beren kişilere hacker däl “cracker” diýiler. Raymond aradaky tapawudy şeýle açyklaýar: “Hakerler bir zatlar döreder, cracker*ler olary bozar”

Hakerleriň gizli dünýäsi:

Ikinji Haker görnüşi bolsa kompýuter howpsyzlyk meýdanyn ele alýar. Kompýuter sistemalary ýokary wezipä we ukyba eýe, özüçe emellerler bilen sistemalara rugsatsyz giren kişilere haker diýiler.

Hakerler islendik maglumatlara birigmek azatlygyna ynanarlar. Olaryň howpy islän maglumatlaryny almak üçin sistemalara rugsatsyz şekilde bildirmän girmekleridir. Hakerlere görä 2×2=4 bolýandygyny bilmek sizi nähili matemikçi edýän bolsa, sistema howpsyzlygyny aşmakda sizi şonuň ýaly haker eder. Ýagny olar üçin birinji maksat sistemalary ýykmak däldir, goralýan maglumatlara gowuşmakdyr.

Hakyky hakerler töwekgelçilik almagy halarlar, Garşylaryndaky sistemalaryň howpsyzlygy nähili ýokary bolsa, ony döwmekden keýp alarlar. Täze tanadylan bir howpsyzlyk sistemasy, olar üçin täze bir bäsdeş diýmekdir. Hakerleriň ýaşlary üýteýändir. Umuman programmlama temasynda ukyplydyrlar we gözlerden uzak durjak şekilde mekirdirler. Hakerler üstünlik bilen öwünmegi halamazlar. Umuman sahna arkasynda işlärler we gizlinlige ähmiýet bererler.

Gizlinlik ätiýaçlygyna garamazdan ähli hakerler ýeke işlemez. Öz aralarynda haker toparlary dörederler. Ýöne bu toparlaryň içinde-de belli bir derejede gizlinlik bardyr, agzalar biri birileriniň atlaryny bilmän bilerler. Haker, umumy seredilende “normal” diýip biljegimiz bir ynsan däldir. Hakerleriň iň güýçli ýaragy zehinleridir. Bir haker normal bir ynsandan has praktiki pikirlenme we karar bermek  endiklerine eýedirler.  Onsuz hem ony haker eden herkim bilen meňzeş zady pikirlenmeýänligidir. Hakerler umuman kompýuterlerine bolan baglanşyklary sebäpli sosiýal durmuşdan biraz uzakdyrlar. Köp hakerler gürleşmegi we gezmegi tozmagy halamazlar. Dostluk tarapdan hem töweregi uly däldir.

Howpsyzlyk meýdanlarynda işleýän hakerleriň, edýän işlerine görä gizlin bir ulumsylyklary bardyr. Hakerleriň dünýäsi kompýuterlere höwesli herkim üçin uly bir hyrydarlyk bolandyr. Internetde aslynda hiç bir zadyň görnüşi ýaly bolmadygyny öwrenmek, ilkinji ädimde olar gorkmagyňyza sebäp bolup biler. Hakerlerden goranmak we olara garşy bolmak üçin hakerleriň nähili işleýändigini, nämeler edip biljekdigini, nähili gurallary ulanýandyklaryny we nähili kişiler bolandyklaryny bilmelisiňiz. Iňlis Filosof Francis Bacon-yň bir sözi hakerler arasynda meşhurdyr: “Informasiýa güýçdir..”

 

Haker görnüşleri

Hakerler häsiýetlerine we maksatlaryna görä ikä bölünerler: Ak Papaklylar we Gara Papaklylar. Şeýle hem haker bolmaýan Hakerlige höwes eden kişiler üçin hem “lamer” we “script kiddie” görnüşleri ulanylar.

 

 

Ak Papak (white hat)

Ak papakly hakerler howpsyzlyk sistemalaryna zyýan bermeýän gowy niýetli hakerlerdir. Ak papaklylar bir sistemanyň pes nokatlaryny bilmek üçin programma döreden firmalar bilen bile işlärler. Ak papaklylar her haýsy bir sistemada tapan kemçiliklerini ilki bilen programmany döreden firma/eýesine kemçiligi bildirer, kençiligiň düzedilmesi üçin bir näçe wagt gorar we  sistema zyýan bermez. Yzyndan hem maglumatlandyrmak maksady bilen bu kemçilige degişli açyklamalary habar toparlarynda we web saýtlarda ýazarlar. Ak papaklylaryň goranmak maksady bilen işleýändiklerini aýdyp bileris. Bu kişilere “Ethical hacker” diýilýär.

Gara papak (black hat)

Gara papakly hakerler Ak papaklylar tersidir. Howpsyzlyk sistemalaryny rugsatsyz şekilde aşyp maglumat ogurlygy, bidüzgünçilik ýaly zyýan beriji işleri ederler. Bulary bir kompýutera uzakdan birigmek ýada bir programmany döwmek ýollary bilen ederler. Programmalary döwen Gara papaklylara “cracker” diýiler.

 

7,971 gezek okaldy