LINE Creator Studio
Bu ýazga baha ber


Bilşimiz ýaly geçenki ýazgylarymzda LINE-da web saýtdan stiker ýasamak hakynda öwrenipdik.  LINE kompaniýasy ýenede bir täzelik çykardy. Indi Stikerleri telefonyňyzdan ýasap göni iberip bilýärsiňiz. Programmanyň dili häzirlikçe ýaponça, emma LINE ýakyn günlerde beýleki ýurtlaryň dillerini goşjakdygyny mälim etdi. Programmada her dürli stikeri ýasamak mümkin ol öz tejribäňe baglydyr. Mysal üçin diňe tekst görnüşünde ýada haýwanlaryň göni suratyny çekip ýüzüne hat hem ýazyp bilýärsiňiz.

Programmanyň ulanylşy:

  • Programmany iň aşakdaky linke basyp alyň we telefonyňyza gurnaň.
  • Öz line hasabyňyzyň üsti bilen içeri giriň.
  • Stikeriňizi ýasaň.
  • Iberiň

Ilki bilen programmany telefonyňyza gurnaň we açyň. Programmany açanyňyzda garşyňyza aşakdaky ýaly penjire geler. Siz Start düwmesine basyň, içeri gireniňizden soňra + düwmesine basyň.

Soňra Stikeriňizi adyny ýazyň. Sag tarapdaky penjirede bolsa + düwmä basyp stikeriňizi ýasamaga başlaň.

Eger Stikeriňizi telefondan ýasmak isleseňiz Galam şekiljige basyň.

Galama gireniňizde aşakdaky ýaly penjire geler. Eger Telefondan galam bilen çyzjak bolsaňyz Galama, Tekst ýazmakçy bolsaňyz T harpa basyň.

Stikeriňizi çyzanyňyzdan soňra OK düwmesine basyň. Ýokarda çep tarapda.

Ýokardaky çyzgyň üstüne tekst goýmak üçin T harpa basyň we tekstiňizi ýazyň, OK şekiljige basyň.

Taýýar bolandan soňra ýene OK şekiljige basyň. Ýokarda çep tarapda.

Stikeriňizi paketiň içine goşuň. Şeýdip ýeke ýekeden Stikeriňizi ýasamaly. iň köp 40 sany iň az 8 sany ýasap iberip bolýar.

Indi bolsa suratlardan kesip stiker ýasamany öwreneliň. Bu gezek ikinji duran şekiljige giriň.

Telefonyňyzyň galeraýasy açylar islän suratyňyzy saýlaň we aşakdaky ýaly kesiň we OK basyň.

OK basanyňyzdan soňra aşakdaky ýaly penjire geler. Eger suratyňyzy goşmaça zatlar goşmak isleseňiz aşakdaky funksiýalardan peýdalanyň. Taýýar bolandan soňra Ýokarda sag tarapdan Ýaponça söze basyň.

Kompýuterde Paintdan ýada başga bir surat çyzylýan programmalardan çyzyp ibermek isleseňiz, kamerany ulanyp bilersiňiz. Kamera şekiljige basyň.

Taýýar çyzgyňyzyň suratyny çekiň we kesiň.

Soňra ýokarda çep tarapda duran Ýaponça söze basyň.

Ähli stikerleriňizi ýasanyňyzdan soňra iberiň. Onuň üçin Suratdaky gyzyl çyzykly görkezilen ýere basyň.

Bu ýerden Stikeriňiziň sanyny bildiriň.

Satjak stikerleriňizi saýlaň.

Soňra Marketde baş sahypada görkeziljek suraty saýlaň we aşakdaky düwmä basyň.

Bu ýerden bahasyny Öz adyňyzy düzedip aşakdaky düwmä basyň.

Yz ýanyndan hem ýene aşakdaky düwmä basyň.

Düzgannamany kabul ediň. Ok şekiljigine bellik goýuň we daşy çyzykly düwmä basyň.

OK düwmä basyň. Soňra Stikeriňiz barlanylmaga başlar. Stikeriň kabul edilip edilmezligi hakynda size bildiriş geler.

 

Programmany şy ýerden alyp bilersiňiz: Göwrümi 16MB  http://link.tsoltanov.com//33

 


TSOTLANOV APPS: https://goo.gl/ov2UPJ

ÖWRENMELI LINE@: https://goo.gl/GAUHbA

2,339 gezek okaldy