Türkmen dilinde peýdaly saýtlar
Bu ýazga baha ber

Gün günden internede bolan höwesimiz artýar we töweregimizdäki adamlar hem köpüsi diýen ýaly internetsiz gün geçirenoklar. Internetde oturanymyzda gymmatly wagtymyzy boş zatlara dälde, bize peýdaly boljak azda bolsa birzatlar öwrenip biljegimiz ýerlerde geçirsek geljegimiz üçin hem has gowy bolar.


Bu ýazgymyzda size  türkmen dilinde birnäçe gyzykly we peýdaly saýtlary tanyşdyrmakçy.

Durmuşymyzyň esasy zerurly bolan zady saglykdyr.

1.http://saglyk.info Bu web sahypa 2010-njy ýyldan bäri Online hyzmat berip gelýär. Peýdasy hem gaty uly. Saýtda saglyk hakynda diýseň gyzykly maglumatlar ýazylýar. Şeýle hem her bir ulanyjy saýta agza bolup öz saglygy barada kemçilikleri ýazyp jogap alyp bilýärler. Jogaplar ýörite lukmanlar tarapyndan berilýär.

Saýtdaky bir sorag we Lukmanyň jogaby.


Ene dilim, eziz dilim, zybanym,
Gözlermiñ garasy, agy bar sende.
Dünýä sygmaz çagym, saña sygýaryn,
Säheriñ, sabanyň aly bar sende.

Biziň sözlerimizde ýalňyşlyklar hem bar. Bu gynandyryjy öz türkmen dilimizi öwrenmegimiz wajyp. Biziň ene dilimiz çuňňur manyly sözler hem gaty köpdür. Şonuň üçin çylşyrymlydyr. Kyn zadyň soňy elmydama üstünliklere şaýat bolýandyr. Azap edip ýadaman zähmet çekip bu web sahypany döredenlere öz minnetdarlygymyzy hem bildirýäris.

2.http://enedilim.com Bu web sahypada ene dilimizdäki ähli sözleriň manysy bardyr. Haýsy sözüň manysyny biljek bolsaňyz saýta girip şol sözi ýazaýmak galýar. Şeýle hem saýtda Kitaphana bölümi sözlük programmalary bar.

Saýtyň kitaphanasy. Kitaplary pdf format göni ýükläp bilýärsiňiz.


3.http://ajapsozluk.com 2008-nji vylda gurulan bu ajapsozluk saýtynyň peýdalary has köpdür. Täze dil öwrenip başlanlara gaty kömek edýändir. Saýtda Iňlisçe. Rusça, Türkçe, Arapça, Nemesçe, Hytaýça, Parsça, Fransuzça, Gazakça dilleri bardyr. Ady agzalan dilleri sözlük görnüşünde bilmedik sözleriňizi türkmen diline terjime edip bilýärsiňiz. Başgada funksiýalary öz içinde saklaýan bu saýtda beta (deňemek üçin) döredilen terjime hem öz peýdasyny berýär. Başga dillerden sözlem bar bolsa türkmen diline terjime edip berýär. Terjimede ýalňyşlyklar hem bolup bilýändir. Saýtda hem barlag üçin goýuldy diýip ýazylypdyr. Şondada peýdasy bar diýip biljek.

Saýtdan käbir suratlar

Terjime sahypasy

Söz terjime edeniňde aýry aýry açyklaýar.

Saýtdaky sorag jogap sahypasy. Saýta girip dil hakynda soragyň bar bolsa ýazyp jogap alyp bilýärsiňiz.


4.Turkmensoft (girmek uçin ustune bas)   Eger programmalar we oýunlar bilen gyzyklanýan bolsaňyz bu LINE@ hasaby size gyzykly bolup biler. Bu hasapda telefon we kompýuter oýun, programmalar hakynda doly türkmen dilinde nähili ulanmalydygyny size ýetirýär. LINE-da hem peýdasyz zatlara seredenimizden şular azap edip hyzmat berilýän ýerlerde wagtymyzy geçirsek has hem gowy bolar. Bu LINE@ hasaby programmalary düşündirýär. Ähli zady özümiz öwrenip goýsak, soň telefonymyzda kiçijik mesele üçin ussalara gitmän özümiz etsek bizede gowy bolar. Bu döwür Tehnologiýa döwri.

Käbir suratlar

Öwrenmeli LINE@ hasabymyza goşulmak  üçin şu ýere basyň: https://goo.gl/GAUHbA

16,293 gezek okaldy