Admob günde görýän zadymyz näme bu?
Bu ýazga baha ber

AdMob Näme zat?

Admob: Advertise (reklama) we mobile sözleriniň gysgaltmasyndan döredilen bir sözdür. Ýagny Admob-yň açyklamasyny gysgaça mobile reklama diýip bileris.


Telefonlarymyzda käbir programma we oýunlary ulanýan wagtymyz garşymyza reklamalar çykýandyr. Hatda reklamalar ýüzünden bir näçe programmalary gahar bilen bozýarsyňyz. Ynha şol  programma we oýunlary ýasaýan kişileriň pul gazanma çeşmesi şu mobile reklamalardyr.

Aşakdaky suratda bir programma we aşagynda reklama görýärsiňiz. Şol hem Admob reklamasydyr. Beýleki programmalarda hem şeýle görnüşde durýar käte bolsa programmany ulanan wagtyňyz reklama ekranyň ýüzüne ulalyp çykýar.

Admob 2006-njy ýylda döredilen bir reklama şereketidir. Omar Hamoui tarapyndan gurulan Admob, mobile platformlaryň reklama şereketlerinden biridir. Android, iOS we Windows Phone ýaly meşhur telefonlarda programma we oýunlaryň içinde Admob reklamalaryny görüp bilersiňiz. 2006-njy ýylynda döredilen AdMob 2009-njy ýylda Google tarapyndan satyn alynandyr.

Admob-yň peýdasy näme?

Programistler programma dörederler we google Playda hödürlärler. Programmany döretýänler azabynyň garşylygyny almak isleýärler şonuň üçin hem  käbiri programmasyny göni Play Marketde satlyga goýýar käbiri bolsa Admob ýaly pul gazandyrýan sistemleri ulanýarlar.

Admob arkaly häzirki wagtda ýokary derejede pul gazanýanlar bar. Nähili?

Şeýle:

  1. Android üçin bir programma döredeler.
  2. Programmanyň içinde Admob hasabynyň reklama kodyny ýerleşdirerler.
  3. Google Play markede goýarlar
  4. Programmany reklama edip başlarlar (adwords arkaly. Adwords Reklama bermek üçin döredilen sistemdir. Giňişleýin ýakynda)
  5. Haçanda sen programmany ulanyp başlaňda programmist ýuwaş ýuwaş gazanyp başlar.

Bah nähili gazanýar?

Admob arkaly. Ilki bilen programmist admob hasaby açýar we şol ýerden reklama kodyny programmasyna goýýar. Soňra Admob hasabynda Wisa ýada Master kartyny ýatda saklaýar. Haçanda gazanan puly 100$ bolanda awtomat şekilde ýatda saklanan wisa ýada master kartyna geçýär. Admob hasabyna girende günlük aýlyk gazançlaryny hem görkezip durýar.

Admob-a birikdirilen programmalar aşakdaky ýalydyr. Gazandyrýan programmalaryň statiskasy.

Nähili gazanýar how?

Onuň gazanmagy seniň eliňde bolýar. Haçanda programmany alyp ulanyp başlaňda reklama çykyp başlaýar. Gepiň gysgasy şol programma arkaly beýlekileriň reklamasyny ulanyjylara görkezýär. Şol görkezeni üçin hem garşylygynda gazanýar.

Näçe gazanýar?

Haçanda programmadaky reklama günlük 1000 gezek görkezilse 2-10 manat arasynda gazandyrýar. Reklama näçe köp görkezilse şonçada köp gazandyrýar.

Bu suratda ýokardaky suratda gören programmalaryňyzyň jemi gazanan we görkezilen statiskasydyr. Şeýle: Reklamalar jemi 228.829  gezek görkezilipdir we 91 manat gazandyrypdyr.

Admob resmi web sahypasy: https://apps.admob.com

 

1,682 gezek okaldy