LINE sazlamalary hakynda has giňişleýin düşündiriş #1
Bu ýazga baha ber

LINE sazlamalary hakynda has giňişleýin düşündiriş #1

LINE söhbetdeş programmasy gün günden täzelenip täze funksiýalar goşulýar. Täze goşulýan funksiýalardan ählimiz habarly bolup bilmeýäris. Habarly bolmak üçin LINE içini doly bilmegimiz gerek. Mysal üçin bir ýere bilmän bassam belki hasabym bozular ýada ýene bir zat bolar gorkusy bilen her bir zada degip bilemizok.

<center><a href=”https://goo.gl/96U5Vv”><img class=”aligncenter” src=”https://blog.tsoltanov.com/wp-content/uploads/2017/07/TM.png” width=”460″ height=”60″ /></a></center><img class=”alignnone size-medium wp-image-3160″ alt=”” width=”300″ height=”67″ />

Bu ýazgymyzda elimizden geldigiçe LINE sazlamalar bölüminiň funksiýalaryny ýeke ýekeden agzap geçmek. Suratlarda ädim ädim ähli ýollar görkezilendir. LINEa täze girenlere üns berip okamagyny haýyş edýärin. Esasy LINEa täze girenler üçin ýazyldy. Öňki bilenler bilýän diklerini aýtmazlygyny haýyş edýärin.

Sazlamalardaky 1-nji bölüm: Meniň Maglumatlarym ( Moy Dannye)

  1. Profil – Bu bölümde Öz LINE profiliňe degişli maglumatlary düzetmek üçin. Mysal: ID, At, doglan günüňiz we şm maglumatlaryňyzy düzedip bilýärsiňiz.
  2. Akkount- Bu bölümde bolsa biziň LINE hasabymyza degişli zatlary düzedip bilýäris. Mysal üçin email baglamak üçin şu bölüme girmeli. Has giňişleýin aşakda.
  3. Liçnye Dannye- Bu bölümde esasy zat biziň gizlinligimizdir.
  4. Keep- Keep bölümine biz LINEdaky suratlarymyzy we başga maglumatlarymyzy online şekilde saklap bilýäris.

Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Ýokardaky Bölümiň giňişleýin düşündirişi)

1.Profil

Bu suratda görýäniňiz Profil sahypasynyň içidir. Profil sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.

Aşakdaky sanlar suratdaky sanlar bilen deňdir. Sanlar boýunça funksiýalaryň nähili işe ýaraýandygy ýazyldy.

  1. Bu funksiýada haçan siz Profil ýada Home suratyňyzy üýtgedeniňizde Siziň Timeline sahypaňyzda görkezilip görkezilmejegini sazlaýandyr. Egerde siz ýaşyl belligi öçüreniňizde profiliňize täze surat goýanyňyzda Timeline (lenta) sahypaňyzda çykmaýandyr.
  2. Bu ýerden Profil adyňyzy üýtgedip bilýärsiňiz.
  3. Adyň aşagyndaky görünýän ýazgy.
  4. Siziň IDiňiz
  5. Bu ýerdäki ýaşyl belligi öçüreniňizde siziň IDiňizi gözletseler hem sizi tapmazlar. ID funksiýaňyza öçürýändir.
  6. KR kod hem Siziň IDiňiziň suratly görnüşi diýip bileris. Içine Girip öz KR kodyňyzy ýasap bilersiňiz.
  7. Bu ýerde öz doglan günüňizi ýazyp bilersiňiz. Bu haçanda siziň profiliňize seredenlerinde görünýändir.

2.Akkount Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Moy Dannye Bölümiň giňişleýin düşündirişi)

Bu suratda görýäniňiz Akkount sahypasynyň içidir. Akkount sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.

Aşakdaky sanlar suratdaky sanlar bilen deňdir. Sanlar boýunça funksiýalaryň nähili işe ýaraýandygy ýazyldy.

  1. Bu ýerden Telefon belgiňizi üýtgedip bilýärsiňiz.
  2. LINE hasabyňyza Email birikdirmek üçin şu ýere girmelidir. Email nädip birikdirmeli sorag bar bolsa şu ýere girip öwrenip bilersiňiz. Email birikdirmek
  3. Bu ýerden LINE hasabyňyzyň parolyny üýtgedip bilersiňiz. LINE parolyňyzy diňe email birikdirilenden soňra üýtgedip bilersiňiz. Çünki Siziň parolyňyz email birikdirilenden soňra bolýandyr. Email ýok wagty siziň hem parolyňyz ýokdur.
  4. Facebook hasabyňyz bar bolsa birikdirip bilersiňiz. Haçanda LINEdan çykanyňyzda telefon belgisiz hasabyňyza girip bilýänsiňiz.
  5. Siziň LINE hasabyňyza birikdirilen programmalar bardyr. Içine girip öçürip açyp bilýärsiňiz.
  6. Egerde bu ýerdäki ýaşyl belligi öçürseňiz Kompýuter we beýleki uly enjamlardan LINE hasbayňyza girip bilmeýärsiňiz.
  7. Eger kompýuterden LINE hasabyňyza giren bolsaňyz kompýuteriň ady şu ýerde durýar, Kompýuterdäki hasabyňdan çykmak üçin girip öçürip bilýärsiňiz.
  8. LINE hasabyňyzy düýbünden ýok etmek üçin Udalit Akkount düwmesine basmaly. Hasabyňyzy pozan ýagdaýyňyzda hiç hili maglumatlaryňyzy yzyna getirip bolýan däldir.

3.Liçnye Dannye Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Moy Dannye Bölümiň giňişleýin düşündirişi)

Bu suratda görýäniňiz Liçnye Dannye sahypasynyň içidir. Liçnye Dannye sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.

Aşakdaky sanlar suratdaky sanlar bilen deňdir. Sanlar boýunça funksiýalaryň nähili işe ýaraýandygy ýazyldy.

  1. Egerde LINE programmaňyza parol goýmak isleseňiz bu ýere girip parol goýup bilersiňiz. Şeýlelik bilen LINE programmaňyza parol ýazyp girip bilersiňiz.
  2. Bu ýerdäki ýaşyl belligi öçüreniňizde siziň IDiňizi gözletseler hem sizi tapmazlar. ID funksiýaňyza öçürýändir.
  3. Bu funskiýany açan işleden wagtyňyz siziň dostyňyz bolmadyk biri ýazan wagty gönüden öçürilýändir, ýazan haty size gelmän blok bolýar. Işletmek üçin ýaşyl belligi açmaly.
  4. Bu funskiýa açyk wagtynda size lentadan ugradylan dostluk islegleri gelýändir. Ýagny Timeline sahypalardan size dostluk iberip bilýändirler. Ýapyk wagtynda hiçkim size dostluk islegini ugradyp bilmeýär.
  5. Täze KR koduny almak üçin şu ýere basmalysyňyz KR kody hakynda ýokarda agzap geçipdik.

 

4.Keep  Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Moy Dannye Bölümiň giňişleýin düşündirişi)

Bu suratda görýäniňiz Keep sahypasynyň içidir. Keep sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.

Keep bölümi her bir ulanyja 1 GB boş ýer berýändir. Keepde siz öz suratlaryňyzy faýllaryňyzy  we başgada birnäçe görnüşli maglumatlaryňyzy Online şekilde saklap bilýärsiňiz.

LINE sazlamalaryndaky 1-nji bölüminiň funksiýalaryny öwrendik. LINE sazlamalaryň beýleki bölümlerinde görüşýänçäk hoş sag boluň!

Öwrenmeli LINE@ hasabymyza goşulmak  üçin şu ýere basyň: https://goo.gl/GAUHbA

 

LINE Creator Studio Programmasy alyp bilmeýänler şu ýerden ýükläp bilerler: http://link.tsoltanov.com//33

LINE Creator Studio Programmasy hakynda öňümizdäki günlerde öwrenip geçeris.

 

4,093 gezek okaldy