Adobe Photshop dersleri #1
5 (100%) 1 vote

       Adobe Photoshop, häzirki wagtda iň köp isleg bildirilen professional grafika dizaýn programmalaryň arasynda ilkinji  ýerlerde orun alandyr. Dünýä ýüzünde reklamaçylyk we dizaýn logikanyň her geçen gün has tizlikli  bir şekilde ösmegi bilen birlikde programmalardada  ýokary derejede täzelikler goşulandyr. Adobe firmasi, gysga bir wagtyň içinde grafika programmalary bilen baglanyşykly  alyp barýan işleri arkaly dünýäniň iň köp gazanan we tanalan firmalardan biri bolmagy başarandyr.

       Grafikalaryň dünýä ýüzünde her geçen ýyl has hem professional bir hala gelmeginde iň wajyp täsirlerden biri  hem Adobe Photoshop programmasy diýip bileris. Matematiki manyda we gurulyş hökmünde ösen bir sistem bolandygyny ulananyňyzdan soňra bir näçe sagat içinde düşünersiňiz. Häzir sisteme degişli size has düşnükli şekilde maglumat bermek isleýäris.

Adobe Photoshop näme zat?

Adobe firmasy tarapyndan taýýarlanan, wektor çyzuw çyzma mümkinçiligi hödürleýän, surat manipulýasiýa işleri edip bilen, reklamalar we wizual guramalar döretmegiňize mümkinçilik berýän ösen bir grafika dizaýn programmasy bolup ünsleri çekýär. Bilim tehnologiýanyň şu günki  halyna gelmeginiň iň uly täsirlerinden biri Photoshop programmasydyr. Web dizaýn tehnologiýalaryna garşy  hem özüni belli etdi.


Web dizaýnyň orta çykmagynyň täsiriniň biri hem Photoshop programmasydyr. Mundan ýyllar öň web dizaýnlary diňe tablisalar halynda döredilen bolsa, häzirki wagtda ilki bile Photoshop programmasynda surat görnüşünde çyzylar soňra CSS kodlamasyna ýazylar.

Adobe Photoshop nähili işe ýaraýar ?

Ýokarda hem agzap geçişimiz ýaly grafika manyda birnäçe tapawutly işleri arkaýynlyk bilen ýerine ýetirip biljek grafika dizaýn kömekçileriniň iň meşhur bolanydyr. Matematiki hökmündede barlanymyzda döredilmesi gaty kyn bolan programmadyr. Akylly programma diýenimiz klasa giren iň ösen sistemlerden bolup ünsi özüne çekýär. Photoshop programmasy arkaly häzirki reklamaçylyk we web dizaýn pudagy has köp gowy ýere geldi.

Adobe Photoshop programmasy arkaly edip biljek işleriňiziň anyk bir çägi ýokdur. Grafika görnüşde hyýal edip biljegiňiz ähli işleri etmegiňize mümkinçilik berýär. Umumy aýdylanda edip biljek işleriňiz şu şekilde hatara düzülip biliner:

  • Logo Dizaýn
  • Web Dizaýn
  • Şekil Dizaýn
  • Surat Manipulýasiýa
  • Şahsy çyzuwlar
  • Reklama taýýarlamak
  • Plakat Taýýarlamak
  • Foto montaj

ýada şunuň ýaly  birnäçe ýerlerde grafika dizaýn işleri ýerine ýetirip we iň gowy şekilde dizaýnlar döredip bilersiňiz.

Photoshop-a başlan wagtyňyzda:

“Photoshop gaty kyn, garyşyk düşünemok!” diýip asla ejizlemäň. Aslynda kyn däl. Kyn bolsada muň ýaly owadan suratlar nähili çykar, döreden nähili edýär diýip pikirlenmek gerek. Aslynda ähli zat bizde bitýär. Sözüň gysgasy biraz üns  we gözleg bilen aňsatlyk şekilde üssesinden gelip biljegiňiz bir programmadyr.

Photoshop-a degişli indiki sapagymyz “Photoshopa giriş”

Indiki sapagymyzda görüşýänçäk hoş sagboluň!

Öwrenmeli topary size işleriňizde üstünlik arzuw edýär!

 

 

 

3,706 gezek okaldy