Domain näme zat?
5 (100%) 1 vote

Domain internetde sözleriň ýa-da sanlaryň hasaba alan atlarydyr. Web sahypalaryň bir atlary ýagny salgylary bolmalydyr. http://owrenmeli.biz bir domaindir, bu domain dns protokol bilen bir hosting hyzmatyna baglanar we ip adresler üsti bilen ýaýlyma goýberer. Her bir web sahypanyň domaini bolmak zerurdyr. Domain bolmasa web sahypalary diňe ip adresler üsti bilen işlär bu hem has köp isleg bildirilýän sistem däldir.

Domain şol bir wagtda siziň, ýa-da eýe bolan firmaňyzyň internetdäki adydyr. Internetde ýer almak isläniňizde ilki bilen domain satyn almalysyňyz. Domain ady uýgun, aňsat we ýatda saklanyljak şekilde bolmagy ähmiýetlidir. Eýesi eýe bolan firmaňyz, tanalýan familiýaňyz, markaňyz üçin  domain ady almadyk bolsaňyz, iň gysga wagtda almagyňyzy maslahat berýäris. Häzirki wagtda birnäçe firmalar, hususy kärhanalar muny wagtynda almadygy üçin has gymmat bahadan satyn almaga mejbur bolýarlar. Ýörite Domain alyp satanlar bu işi ýerine ýetirýärler. Bir firmanyň açylandygyny görüp şol firma degişli domain satyn alyp firma gymmat bahadan satýarlar.

Domainlar umuman iki topara bölünýärler:

 

1.Halkara domainler:

Bu görnüşli domainler ABŞ-den ICAAN-a registrasiýaly firmalardan alynýar. Bu domanlerde ilki registrasiýa bolan alar düzgüni bardyr. Bu näme diýmek? Size ýa-da firmaňyza uýgun bir domaini sizden öň her haýsy birisi registrasiýa etmedik bolsa adyňyza registrasiýa edip bilersiňiz. Eger alynan bolsa ýa alan kişi bilen habarlaşyp gymmat bahadan satyn almaly bolarsyňyz ýa-da başga bir atda täze bir domain alarsyňyz. Bu domainleriň beýleki bir üýtgeşikligi registrasiýa wagtynda hiçbir dokument islenmedigidir. Muňa günlük durmuşda ulanýan sözleriňizden, şäher atlaryna, ýyldyzlaryň atlaryna çenli “her dürli” domain bolup ýatda saklanýar. Näme üçin ýatda saklanýar diýip soragyňyz bar bolsa jogaby şu: ähli domainler geljekde gerek bolar düşünjesi ýüzünden ýatda saklanýandyr. Ýagny geljekde gaty köp pul bolar düşünjesi bilen. Halkara domainler atlaryna görä bölünerler. iň köp isleg bildirilýänler .com .net we .org-dyr.

2.Geografiki domainler:

Bu domainler hem halkara domainler ýaly şol bir atlara eýedir (.com .net we .org). Aralaryndaky tapawut bolsa, bu domainlerde hasaba alynýan ýurdyň internet ady ýurdyň soňuna geler. Mysal üçin domaini Türkmenistandan alan bolsaňyz domainiň soňuna Türkmenistanyň internetdäki uzatmasy .tm goşular. Bu domainleri hasaba almak üçin dökümentler gerekdir. Bu görnüş domainlerde kim birinji registrasiýa etse şol almaly diýen zat ýokdyr. .tm uzatmasyny berilýän ýerlerde resmi şekilde berilýändir.

Domain uzatmalaryň manylary.

Her bir domain uzatmalaryň aslynda öz manysy bardyr.

.com  –  Söwda üçin döredilsede häzirki wagtda her dürli sahypalarda ulanylýandyr. Iňlisçede “commercial” manysyny berýändir. Söwda diýmek.

.net  –  Iňlisçede ulgam, tor manysyny berýändir. Iňlisçe “network”

.org  – Guramalar üçin ulanylýandyr. Organization sözüniň üç harpy ulanylandyr.

.biz  – Iş üçin döredilendir. Bussiness sözüniň gysgaltmasydyr.

.info – Maglumat manysyny berýändir.  Information sözüniň gysgaltmasydyr.

.pro – Professional- Ussat manysyny berýändir. Professional sözüniň gysgaltmasydyr.

.name – Atlar üçin bu uzatma ulanylýandyr. Iňlisçede “nickler” sözünden döredilendir.

.edu  –  Bilim üçin döredilendir. Iňlesçede “education” sözüniň gysgaltmasydyr.

.gov  –  Döwlet edaralanyň domain uzatmasydyr. “government” sözüniň gysgaltmasydyr.

3,321 gezek okaldy