Kompýuteriň parolyny unutdym, näme etmeli?
5 (100%) 1 vote

Kompýuterde paroly unutdym näme etmeli?

Soragyň jogaby kimine görä çylşyrymly kimine görä sadadyr. Kompýuterde parol goýup soňam unydanlar köp duş gelýändir, diňe unutmak dälde eýsem başga ýalňyşlyklar bilen parol goýup açyp bilmeýänlerem bardyr. Käbirleri kompýuterdäki paroly unudyp kompýutere täze Windows gurnaýar. Bu bolsa siziň maglumatlaryňyza zeper ýetirýär. Ýagny Windows ýüklenende ähli gerekli maglumatlaryňyz ýitýär. Bu ýazgymyzda bolsa size iň aňsat ýol bilen, parol goýulan kompýuteri nähili açmalydygy hakynda giňişleýin hödürledik.

Ilki bilen kompýuteriňize Windows 7 diskini salyň. Soňra kompýuteriňizi öçüriň we açyň açan wagtyňyz hem klawiaturadan F12 ýa-da ESÇ düwmesini basyň. Bu kompýutere görä üýtgäp biler. Gepiň gysgasy siz Windows 7 diskini Boot arkaly açmaly. Açanyňyzdan soňra Suratdaky ýaly penjire görersiňiz. Siz daşy gyzyl çyzykly bolana basyň.

Soňra yz ýanyndaky penjirede hem daşy çyzylan ýere basyň.

Onsoň, açan programmaňyz geler siz ol ýere edil bolşy ýaly şu ýazgyny ýazyp Enter basyň.

copy c:\windows\system32\sethc.exe  c:\

Enter basanyňyzdan soňra çykan ýazgylary ünslije okaň soňynda 1 File copied  ýazgysy barmy. Bar bolsa dowam ediň. Indi bolsa ýaňky ýazyşyňyz ýaly şu ýazgyny ýazyň.

copy c:\windows\system32\cmd.exe   c:\windows\system32\sethc.exe

Surata serediň we siziňki bilen deňmi. Eger deň bolsa kompýuteriňizi öçüriň we diski çykaryň.

Kompýuteriňizi açyň, we parol soraýan penjire açylýança Shift düwmesine çalt çaltdan basyp oturyň. Parol soraýan pnjire açylan ýagdaýynda aşakdaky ýaly bolmalydyr.

Indi bolsa ýokardaky ýazyşymyz ýaly bu ýere hem text ýazmalydyr. Ilki şu ýazgyny ýazyň we Enter basyň.

Siz net user geek ýerine kompýuteriňiziň adyny ýazyň MyNew Password ýerine bolsa bir parol ýazyň.

net user geek MyNewPassword  

Aşakdaky surata serediň. Ýazyp Enter basanyňyzdan soňra The command completed successfully ýazgysy çyksa parolyňyz üýtgedigidir. Soňra bolsa göni ýokarda parol ýazylýan ýere ýaňky MyNewPassword ýerine ýazan sözüňizi ýazyp komputeriňizi açyň Şeýlelik bilen kompýuteriňiziň parolyny üýtgetdiňiz.

Eger düşünmedik ýeriňiz bolsa forum.tsoltanov.com  ýazyp bilersiňiz.

6,053 gezek okaldy