Aýdymdaky sesi aýyrmak (Vocal remover)
5 (100%) 2 votes

Aýdymdaky sesi aýyrmak näme?

Biz muňa minus diýäris. Gysgaçasy bir aýdylan  aýdymyň minusyny taýýarlamak.

Munyň üçin ýörite her dürli programmalar bar. Has gowy minus taýýarlaýan programmalar gynansak mugt berilmeýär. Ortaça bahasy 20-30$. Mugt görnüşini tapjak bolup kän gözledim ahyr soňy Online görnüşde minus taýýarlaýan web saýt tapdym. Web saýt hem minusy taýýarlanyňdan skaçat etjek bolanyňda içeri girmegimizi soraýar. Içeri girmek üçin hem Wisa bilen registrasiýa edip Hasap satyn almaly bolýar eken. Onsoň Kompýutere IDM (Internet Download manager) gurnadym. Internet Download manageriň kömegi bilen saýtyň taýýarlan minusyny mugt kompýutere ýükledim.

Nädip taýýarlamaly?

Etmeli Işiňiz gaty aňsat. Ilki bilen kompýuteriňize IDM gurnaň. IDM şu linkden alyp bilersiňiz.  http://link.tsoltanov.com//25

Soňra http://www.vocalremoverpro.com/online-vocal-remover.html  şu saýta giriň we haýsy aýdymyň minusyny almak isleseňiz şol aýdymy kompýuteriňizden saýlap alyň.

Saýta gireniňizde aşakdaky ýaly penjire geler.

  1. Knopka basyp kompýuteriňizden minus etjek bolýan aýdymyňyzy alyň.
  2. Boş gutynyň sag tarapynda duran harplary boş guta ýazyň.
  3. Gök düwmä basyň.

1njisahypa

Soňra zagruska dolýança garaşyň. Internet pesiräk bolsa biraz hem köp garaşdyryp biler. Sabyrly bolup dolýança garaşyň.

2njisahypa

Zagruska dolandan soňra aşakdaky ýaly açylar.

  1. Play düwmesine basyň.

3njisahypa

Plaý düwmesine basanyňyzda aşakdan IDM programmasy açylar. Şoňa basyp Minusy mugt skaçat edip bilersiňiz.

4njisahypa

 

Şeýlelik bilen başlangyç görnüşde minus ýasap bilersiňiz.

Eger bir soragyňyz ýa-da düşünmeýän ýeriňiz bar bolsa Forumdan peýdalanyp bilersiňiz. Foruma gitmek üçin şu ýere basyň. https://forum.tsoltanov.com/


Bildirişler hakynda.

Her tema açylanda ähli öwrenmei ulanyjylaryna sesli bildiriş barýar.

Eger Öwrenmeliden gelýän sesli bildirişlerden birahat bolsaňyz bildirişleri öçürip bilersiňiz. Programmadan sazlama girip  Bildiriş bölümünden öçürip bilersiňiz.

 

8,451 gezek okaldy