Kompýuterimde Wifi haýal işleýär
5 (100%) 1 vote

Adyndan belli bolşy ýaly bu näsazlygy ählimiz bilýän bolsak gerek. Kompýuterde Wifi näme üçin pes işleýär. Telefonyňda Wifi gowy işläp Kompýuterde hem pes işleýän bolsa onda kompýuteriň Wifi sazlamalarynda bir kemçilik bardyr. Şol kemçilik we näsazyklary çözmek üçin ýörite programma bar. Programma awtomat şekilde kompýuterdäki ähli Internet sazlamalary  düzetýär we kompýuterimize gelýän internet tizligini nämede bolsa öňkisinden ýokarlandyrýar. Programmany ulanmak gaty aňsat.

Ulanylşy: Ilki bilen Programmany iň aşakdaky linkden ýükläň we kompýuteriňize gurnap açyň. Açanyňyzdan soňra garşyňyza suratdaky ýaly Penjire açylar siz edil suratdaky ýaly ediň.

 

  1. ADSL/Cable/lan/satelite/... Şuny saýlaň
  2. Soňra aşakda Accelerate diýen düwmä basyň.
  3. Soňra analyz dolýança garaşyň.
  4. Ählisi dolandan soňra Complete ýazgysy çykar.
  5. Ok basyň.
  6. Kompýuteriňizi täzeden başladyň diýip dialog çykar.
  7. Siz Yes basyp täzeden başladyň.
  8. Soňra barlaň internediňiziň tizligi öňkisinden üýtgäpdirmi.
  9. Eger hiç hili täsir etmedik bolsa. Forumda tema açyň üýşüp çözgüt taparys.

Programmany ýüklemek üçin şu ýere basyň: http://link.tsoltanov.com//12

 

BELLIK: Eger-de temalarymyzda düşünmedik ýeriňiz bar bolsa Forum sahypamyza gelip sorap has giňişleýin jogap alyp bilersiňiz. Forum: https://forum.tsoltanov.com/

 

Goşmaça:

Indi Iphone ulanyjylar we Owrenmelini web saytda ulanyanlar Saytymyza köp traffik harjaman ulanyp bilerler. Web saytymyza AMP goýduk.
AMP bu Google kompaniyasynyñ çykaran funksiyasy.
Peydasy. internediñ pes işleyan yerlerinde web sayta girenlerine has yeñil girip bilyarler şeyle hem köp traffik gidirman.

Saytymyzda AMP ulanmak üçin blog.tsoltanov.com/amp
Yagny saytyn sonuna /amp yazmak yeterlidir.
Saglykda ulanyň

8,101 gezek okaldy