APS – Android Programmalar Sanawy
5 (100%) 2 votes

Öňi bilen aramyza täze gelenlere Hoş geldiňiz diýeli. Bilýäris pikirlere ýazyp bizden jogaba garaşýansyňyz, ýöne biz indi pikirler bölümini şu ýere geçirdik https://forum.tsoltanov.com/ Bu ýerde siz agza bolup islendik bilmeýän soraglaryňyzy sorap jogap alyp bilersiňiz, ýa-da bu ýerdäki temalardan düşünmedik ýeriňizi forumda ýazyp bilersiňiz.

Geleli indi asyl temamyza.

APS – Android Programmalaryñ sanawy.


Şu gün işläp başlan bu APS size Android programmalary añsatlyk bilen almagyñyza kömek edýär.

APS-de islendik programmalary yekeje düwmä basyp alyp bilýärsiñiz şeýle hem her bir programmanyñ türkmen dilinde açyklamasy bar. Ýagny bir programmany almakçy bolanyñyzda programmanyñ ýada oýunyñ nähilidigini türkmen dilinde size düşündirýär.

APS-iñ içine günde 10larça Programma we oýunlar ýüklenýär.

Siz hem gerek programmañyzy bize ýüz tutup APS içine goýduryp bilersiñiz. Siz diñe gerek Programma ýada gerek bolan oýnuñyzy adyny ýazyp eger adyny bilmeýan bolsañyz gysgaça bize düşündürip yazmagyñyz ýeterlikdir.
Nirä Ýüz tutmaly diýseñiz APSniñ öz LINE hasaby bar https://line.me/R/ti/p/%40gpc9143b Şu hasaba gerek programmañyzy ýazyp bilersiñiz.

APS doly mugt hyzmat edýändir. Size haýsydyr bir programma yada oýun tapyp berende garşylygyny alýan däldir.

APS programmasyny şu link arkaly alyp bilersiñiz.
https://goo.gl/qnlr0M
Göwrüm 2.9 MB
Google Play APSni Kabul etmedi çünki APS hem bir market. Ýöne türkmen dilinde.

12,995 gezek okaldy