Bir telefonda iki hasap ulanmak
5 (100%) 1 vote

Käbir kişilere birden köp hasap gerek bolup biler. Mysal üçin bir telefondan iki sany Imo ýa-da iki sany LINE hasabyny ulanmak isläp bilersiň. Onuň üçin internetde birnäçe giňden ýaýran çözgütleri tapdyrýar. Bu temada siziň aňsat ulanyp biläýjegiňiz programmany tanyşdyrmakçy. Programmanyň ady Parallel Space.

Programmany telefonyňyza gurnanyňyzdan soňra garşyňyza aşakdaky ýaly sahypa açylar we käbir programmalaryňyzy görkezer siz saýlap suratda görkezilen ýere basyň.

Soňra aşakdaky ýaly sahypa geçersiňiz. We şu ikinji ulanmak isleýän programmalaryňyzyňdyr. Şu ýerdäki programmalary telefonyňyzyň ýüzüne çykarmak isleseňiz üstüne basyp saklaň we aşakda çykan Sozdat Ýarlyk düwmesine basyň.

Eger Başgada programmalaryňyzdan hem goşmak isleseňiz Ýokardaky suratda görkezilen suratda + düwmesine basyň we aşakdaky ýaly sahypa açylar  siz islän programmaňyzy saýlap görkezilen ýere basyň.

Android üçin ýükle göwrümi 5MB

8,727 gezek okaldy