Android üsti bilen internetden wideo almak
5 (100%) 4 votes

Geçenki “Internetden wideo almak” atly temamyzda diňe web browseriň üsti bilen wideo almagy öwrenipdik.

Indi bolsa Android programmanyň üsti bilen alyp göreliň.

 

Bu programmada aňsatlyk bilen Youtube, Facebook, Instagram, Dailymotion, Vimeo, SoundCloud, Twitter we başgada birnäçe wideo we mp3 bolan portallardan alyp bilýärsiňiz.

Programmany iň aşakda duran düwmä basyp alyp bilersiňiz. Telefonyňyza alanyňyzdan soňra gurnaň we açyň. Suratda görşüňiz ýaly biräçe uly portallar garşyňyza çykýar. Siz haýsynda wideo ýada mp3 aljak bolsaňyz şoňa basyň.Biz mysal üçin Youtube girdik.

Girenimizden soňra aljak bolýan wideomyzy açdyk we aşakda duran gyzyl tegelek Download bellikli düwmä basdyk.

Soňra bolsa garşymyza aşakdaky ýaly penjire açyldy. Ýagny ol penjire bize aljak bolýan wideomyzyň nähili (kaçetswa) ýagdaýda bolmalydygyny ýa-da  mp3 görnüşde aljakmy diýip soraýar. Biz haýsyny aljak bolsak şonuň üstüne basdyk. We alyp başlady.

Isleseňiz Wideo alyp durka durduryp has soňra hem galan ýerinden başladyp bilersiňiz!

SNAPTUBE Programmany aşaky düwmä basyp alyp bilersiňiz. Göwrümi 7MB
tazeden barla

11,374 gezek okaldy