Android sensory gulplamak
5 (100%) 2 votes

Bir çaga telefonyňyzda multi film seretýän wagtynda ýalňyşlyk bilen telefonyň sazlamalaryna ýa-da  çaganyň ýaşy ýetmedik maglumatlara girip biler. Bu ýagdaýlar kiçi çagaly maşgalalarda köp duş gelýän bolsa gerek. Bu ýagdaýyň öňüni almak mümkindir. Touch Lock atly mugt görnüşünde hödürlenen programanyň kömegi bilen öňüni alyp bilersiňiz.

Programany aktiw eden mahalyňyz telefonyňyzyň sensoryny gulplar. Ýagny Ekrana näçe basyň hiç hili täsir etmez.

Programany aktiw ýada öçürmek gaty aňsat. Ilki açjak wagtyňyz ekranyňyzyň ýokarsynda duran şekiljige basyp aktiw edersiňiz. Aktiw edeniňizden soňra ekranyň sensory gulplanar, gulpy aýyrmak üçin bolsa sag tarapda duran şekiljige  iki gezek yzly yzyna basan wagtyňyz programa öçüriler.

Suratlara seredip hem programanyň kömek  etýän ýerlerini görüp bilersiňiz.

Programany almaküçin şu ýere bas

 

 

 

5,806 gezek okaldy