Vkontakta reklama ýerleşdirmek
5 (100%) 1 vote

Bilşimiz ýaly VK sosial ulgamynda reklamalarymyzy bermek mükinçiligi bardyr. Web sahypaňy ýa-da Wkontaktda bir postyňy herkime görüner ýaly reklama edip bilersiňiz. Reklamay isleseňiz belli bir şäherlerde görkezmek hem mümkinçiligi bar. Reklama bermek mugt däldir. Iň az 500 rubl-lyk (30 manat) reklamaňyzy görkezip bilersiňiz. Ýagny her bir adam reklamaňyza girende 2.5 rubl alýar. Siz reklamaňyzy tabşyranyňyzda ilki moderatorlar tarapyndan barlanýar, hiç bir kemçilik ýok bolsa reklamaňyz görkezilmäge başlanýar. Kabul edilmese kemçiligini size duýdurýar we düzedip täzeden ibermegiňizi haýyş edýär.

Reklamany nähili tabşyrmaly? nädip etmeli?

Reklamany diňe Kompýuterde vk.com saýtyna girip tabşyryp bilersiňiz. Ilki bilen öz profiliňize giriň we hasabyňyzya pul ýatyryň.

Hasaba pul ýatyrmak üçin Wisa. Master, Webmoney ýaly gapjyklardan peýdalanyp bilersiňiz.

Pul ýatyrmak üçin suratda görşüňiz ýaly Reklama ýazgysyna basyň.

Reklama  gireniňizden soňra garşyňyza aşakdaky ýaly sahypa açylar. Siz Budget giriň we sag tarapda duran (add funds) diýen ýazga basyň.

Soňra bolsa eliňizde haýsy internet gapjygy bar bolsa şony ulanyp pulyňyzy ýatyryň.

Pulyňyzy salanyňyzdan soňra Create an Ad ýazgyly düwmä basyň.

Bu ýerden bolsa reklama görnüşüni saýlaň.

Saýlanyňyzdan soňra ähli boşluklary reklamaňyza görä dolduryň.

Dolduranyňyzdan soňra Create ad düwmesine basyň. Basan ýagdaýyňyzda hem siziň reklamaňyz iberiler. Kabul edilende (edilmedik ýagdaýynda) size bildiriş geler.

Reklama şu şekilde görünýär

4,649 gezek okaldy