Kompýuterde maglumatlarym pozuldy näme etmeli?
5 (100%) 1 vote

3 ädimde pozulan we ýiten maglumatlaryňyzy halas ediň:

Ýalňyşlyk bilen pozulan, formatdan soň, ýa-da başga bir sebäpden ýiten maglumatlaryňyzy öňküsi ýaly yzyna getirmek üçin ýokary derejede işleýän EaseUS Data Recovery bilen maglumatlaryňyzy 3 ädimde aňsatlyk bilen yzyna getirip bilersiňiz.

Ilki bilen programany kompýuteriňize gurnaň indirmek üçin link iň aşakdadyr

  • Programanyň başlangyç ekranyndan hard diskiňizi saýlaň. Maglumatlaryňyz pozulmadan öň haýy hard diskde duran bolsa şony saýlaň we Gözle düwmesine basyň.

  • Gözleg sahypasyna geçeniňizde ilki bilen tizlikli bir gözleg geçirilýändir. Hapa sepedindäki pozulan maglumatlar bar bolsa şolaryň sanawyny çykarýar. Soňra awtomat şekilde çuň gözleg başlanýar. Ýagny Hard diskiňiziň düýbüne gidip gözläp başlaýar diýsek bolar. Gözleg wagtynda näçe maglumatyň tapylandygyny: grafika, ses, faýl. wideo we ähli görnüşli maglumatlary aýry aýry görüp bilýärsiňiz. Ýokarda hem gözlegiň gutarmagyna näçe wagt galanyny hem görkezýär.

  • Gözleg gutarandan soňra garşyňyza üç bölüme aýrylan bir ekran geler.  Çep tarapdaky düýpli gözleg netijesinde tapylan maglumatlar agaç sanawy şekilde görüner, orta bölümde bukjalaryň içindäki maglumatlar sene, görnüş, ölçeg, at şekilde sanaw düzülýär. Sag bölümde bolsa halas edilen maglumatlary öňünden görüp bilýärsiňiz.
  • Ähli gerekli zatlaryňyzy yzyna almak üçin saýlaap alyň we aşakda duran Recovery ýazgyly düwma basyň,  kompýuterde ýüklejek ýeriňizi saýlap OK basyň.
  • Soňra maglumatlar geçip bolýança doly garaşyň. Şeýlelik bilen pozulanlaryňyzy yzyna alyp bilersiňiz!

EaseUS Data Recover INDIR 15 MB

 

4,111 gezek okaldy