Chrome-da internedi nähili tygşytly ulanmaly?
2.7 (54.29%) 7 votes

Öz telefonyňyzda Google Chrome üsti bilen internede ýagny Google ýa-da başga web sahypalara gireniňizde, internet pakediňiz has köp gitýän bolsa, Google Chrome-yň tygşytly funksiýasyny açyň, köp bolmasada siziň internediňizi azajyk hem tygşytly ulanmaga kömek eder.

Tygşytly funksiýany nähili açmaly?

Ilki bilen Google Chrome giriň. Soňra suratda görşüňiz ýaly sag  tarapdaky Menýu basyň we aşakda duran Nastroyka ýazgysyna basyň.

Nastroýka bölümüne gireniňizden soň bolsa, Sokraşeniýa Trafika diýen ýazga basyň.

Sokraşeniýa trafik sahypasyna geçeniňizde ýokarda sag tarapda duran açmak ýapmak düwmesi bardyr. Siz şol düwmä basyp funksiýany açyň. Şeýlelik bilen siziň internediňizi tygşytlamaga kömek eder.

 

3,990 gezek okaldy