LINE-da Reklama bereňde
5 (100%) 2 votes

Bu tema LINE-da köplenç reklama berýänlere gerek bolar.

Siz öz LINE-da hasaplaryňyzyň idini ýa-da başga bir URL (ssylka, link) reklama etdiren wagtyňyz näçe adam linke  we haýsy ýurtdan, haýsy browserden, haýsy mobil platformdan girenligini bilmek isleýäňizmi? Onda temany ünslije okaň!

Gerekli Zatlar:

  • Google hasap.
  • Url Shortener programa Android we IOS üçin bar. (Indirme linkini iň aşakdan alyp bilersiňiz)

Ilki bilen Programany berlen linkden indiriň telefonyňyza gurnaň. Soňra suratdaky ýaly Google bilen aç diýen düwmä basyň.

Hasabyňyz bilen gireniňizde sizden aşakdaky ýaly rugsat soraýar, siz rugsat berýän düwmesine basyň we dowam ediň.

Rugsat bereniňizden soňra programa girersiňiz. Ilki bilen reklama etdirjek bolýan linkiňizi  (ssylka, gök hat) daşyny gyzyl çyzyk bilen çyzylan boşluga ýerleşdiriň. Ýerleşdireniňizden soňra bolsa Strelkaň görkezip duran bellijegine basyň.

Bellijege basynyňyzdan soňra aşakdaky ýaly dialog çykar. Kopýala basyň   reklama etdirjek bolýan ýeriňize goo.gl/asdfd şekilli linkiňizi beriň.

Siziň linkiňiz reklama etdiren ýeriňizde aşakdaky şekilde görüner. Gorkma Linkim başga diýip. Haçanda ulanyjy linkiň üstüne basanda siziň hakyky linkiňize awto şekilde geçýär.

Soňra size diňe reklamama näçe adam girdikä diýip programa seretmek galýar. Aşakdaky suratdaky  ýaly siz hem özüňiziň beren linkiňiziň ýagdaýyny öwrenip bilersiňiz.

IPHONE üçin INDIR

Android üçin INDIR 2MB

 

7,885 gezek okaldy