Google Playdan Programa alyp bilemok
5 (100%) 1 vote

Eger-de Google playdan programalary alyp bilmeýän bolsaň. Ýa -da Google hasap açmaga ýaltanýan bolsaň. Onda bu temany gözden geçir.

Käbir programalar diňe Google Playda bolyar, başga ýerden hiç hili almaga mümkinçilik hem bolmaýan ýagdaýlar bolýar. Bizdede Google Playdan alyp bolmayan bolsa, işimiz aňsat.

Ilki bilen şu saýta giriň http://apk-dl.com/  . Gireniňziden soňra aşakdaky ýaly sahypa açylar. Siz Google playdan alyp bilmeýän programaňyzyň adyny ýazyň we gözlediň.

Gözlediniňizden soňra programaňyz aşaky şekilde çykar. Siz Download düwmesine basyň.

Soňra aşakdaky ýaly sahypa geçer. Sizi 3-4 sekunt garaşdyrar we indirilýän sahypa geçer.

Ondan soň bolsa özüňiziň robot däldigiňizi subut edip boşluga bellijek goýmaly.

Bellijegi goýanyňyzdan soňra Download düwmä basyň.

Download basanyňyzdan soňra ýene bir sahypa açylar. Ol ýerdede Start Download basyň. Soňa basanyňyzdan soňra programa telefonyňyza indirilip başlar.

Bu çözgüdi agyr gören bolsaňyz  http://gmail.com dan özüňize täze google hasap açyň.

 

5,362 gezek okaldy