LINE
5 (100%) 1 vote
Reklam ucin yer

Bu temada LINE-da birnäçe bilmeli zatlary öwrenip geçeliň.

1.LINE-da soňky wersiýalarynda Lentalar biraz garyşdy. Çünki Soňky wersiýasynda Meşhurlar funksiýasy açyldy, ýagny meşhurlar funksiýany açyk goýanyňyzda siziň lentaňyzda diňe meşhur, köp okalan, köp halanan postlar ilkinji ýerlerde görkezilýär. Eger Funksiýany açmak ýa-da açyk bolsa ýapmak isleseňiz aşakdakylary yzarlaň.

Ilki bilen LINE nastroyka bölümine giriň LINE Nastroyka Soňra Timeline bölümine giriň.

Timeline bölümüne gireniňizden soňra aşakdaky ýaly sahypa açylar. Siz Meşhurlar funksiýasyny açmak isleseňiz şol ýere basyp bellijek goýuň. Ýapjak bolsaňyz hem üstüne basyp bellijegi açyryň. Ynha bar bolany şu.

2.Indi bolsa Lentadaky suratlaryň nähili görünjegini sazlalyň. Lentalarda görünýän suratlary siz özüňize göra kaçetswasyny saýlap bilersiňiz. Eger Internet trafigiňizi tygşytlamak isleýän bolsaňyz onda iň pes görnüşde goýmagyňyzy maslahat berýäris. Ýöne siz seretýän suratlaryňyzyň hilini hem pes görjeksiňiz. Ýok men tygşytlajak däl diňe seretýän suratlarymyň hilini has ýokary derejede görmek isleýän diýseňiz, onda iň ýokarky hilini saýlap bilersiňiz. Hilini saýlamak üçin aşakdakylary yzarlaň!

Ilki bilen LINE nastroýkasyna  giriň. LINE Nastroyka Soňra aşakda görşüňüz ýaly Surat we wideo bölümüne giriň.

Surat we wideo gireniňizden soňra aşakdaky ýaly sahypa açylar sizi birinji bölüme giriň.

Soňra aşakdaky ýaly dialog çykar. Eger tygşytlamak isleseň iň aşakyda goýuň. Ýokary hilli bolsun diýän bolsaňyz Birinjide gouň. Ikisine hem göwnüň ýetmese Normal (standart) derejede goýup bilersiňiz.

9,127 gezek okaldy