LINE CREATORS MARKET 3
5 (100%) 1 vote
Reklam ucin yer

Taýýar bolan Stikerleri nädip ugratmaly?

Ilki bilen öz Market paneliňize giriň we New Submission ýazylan ýaşyl düwmä basyň.

Soňra aşakdaky suratda görşüňiz ýaly Stiker düwmesine basyň.

Stiker düwmesine basanyňyzdan soňra aşakdaky ýaly sahypa geler. O ýerdäki boşluklary doldurmalysyňyz. Dowam edeliň.. 1-nji bölüm Stiker Details- Stiker hakynda maglumatlar ýazmalysyňyz.

  1. Stiker Type- Ugratjak Stikeriň Hereketli bolsa Animated Stikersde bellijek goýuň, Hereketsiz Bolsa Stikersde bellijek goýyň.
  2. Title-Ugratjak bolýan stikeriňize at goýuň, Mysal üçin My cute stikers. Bu Stiker dükanynda görkezilýändir
  3. Stiker Deskription- Bu boşluga Iňlis dilinde Stikeriňiziň açyklamasyny ýazyň. Bu Stiker dükanynda görkezilýändir.
  4. Add Language- Muny boş goýup geçiň. Bu bize hökmandäl.
  5. Inkludes Photos- Eger Ugratýan stikeriň suratly bolsa surat hakyky adamyň şekli bar bolsa iň aşakyda bellik goýuň. Ýa-da Suratda hakyky adamyň şekili bolman karakter edilen bolsa Onda ikinjide goýuň. Stikeriňizde hiç hili surata degişli zat bolmaýan bolsa onda birinjide goýuň.
  6. Lisense Sertifkat- Bu ýeri hem hökman däl.

Ýokardakylary dolduranyňyzdan  soňra. Aşak gaýdyp Product Details bölümündäki boşluklary dolduryň.

  1. Creators Name- Bu ýere ýazan adyňyz Stiker dükanynda Stikeriň bahasynyň ýokarsynda görkezilýän atdyr. Öz adyňyzy ýazyp bilersiňiz
  2. Copyrıght- Bu ýere ýazan sözüňüz bolsa Dükanda Stikeriň iň aşagynda görkezilýändir.
  3. Style Category- Bu ýerden Öz stikeriňize laýyk bolan bölümi saýlaň
  4. Character Category- Bu ýerden Öz stikeriňize laýyk bolan bölümi saýlaň
  5. Sale Region- Eger stikeriňizi belli bir döwletde satmak isleseňiz Ikinji boşlukda goýup ýurdy saýlap bilersiňiz, Ähli ýurtlarda satylsyn diýän bolsaňyz birinjide goýuň.
  6. Options- Eger LINE-a bir söz ýazmakçy bolsaňyz ýa-da Öz Stikeriňizi özüm çyzdym diýip görkezmek isleýän bolsaňyz bir link taýýarlap Linki birinji ýere goýup bilersiňiz.
  7. Ähli boşluklary dolduranyňyzdan soňra Iň aşakdaky Save Düwmesine basyň.

Save basanyňyzdan soňra siz aşakdaky sahypa geçersiňiz, we Stikers diýen ýazgyň üstüne basyň.

We aşakdaky ýaly EDIT düwmesine basyň.

Soňra bolsa…

  1. Bu bölümden Stiker sanyňyzy saýlaň 8,16,24,32,40  Diňe şulara görä Stikeriňizi ugradyp bilersiňiz. Iň az 8 iň köp 40.
  2. Stikeriňizi ýüklemek üçin ilki ZIP faýlyna oklap üýşürüp goşup bilersiňiz.
  3. Ýa-da Ýeke ýeke ýüklemek isleseňiz Aşakdaky suratsyz duran ikonlara basyp ýükläp bilersiňiz.

 

Suratlary ýükläniňizden soňra Iň aşakdaky Back düwmesine basyň.

Soňra Stikeriňize baha kesip bilersiňiz. Onuň üçin Aşakdaky surata serediň

0.99 üstüne basyp üýtgedip bilersiňiz. Üýtgedeniňizden soňra Save Düwmä basyň.

Ähli zat taýýar bolandan Soňra Request düwmesine basyň. Magazinda nähili görünýärkä diýen pikir bar bolsa öňünden görüp bilersiňiz. Onuň üçin Preview Düwmesine Basyň.

Request düwmesine basanyňyzdan soňra Aşakdaky ýala dialog geler. Ugratmakçy bolsaňyz OK basyň.

OK basanyňyzdan Soňra siziň stikeriňiz ugradylar. Ilki ugradan mahaStikeriňiz Barlanylmaga garaşylýar. Eger Stikeriňizi görüp barlap başlasalar Statusda Rewiew Ýazgyzy bolar. Kabul edilse Ýa-da Kabul edilmese Siziň email salgyňyza ýa-da LINEyňyza habar geler.

Aşakdaky Surat bolsa Prewiew basanyňyzda çykýan dialogdyr. Size Magazinda nähili görünjegini Öňünden görkezýändir.

Düşünmedik Zadyňyzy bolsa ovrenmeli@gmail.com poçtasyna ýazyň. Ýazanyňyzda Düşünmedik zadyňyzy doly we dogry ýazyň.

 

 

4,757 gezek okaldy